Orsýetde prezidentlik saýlawlaryny boýkot etmek çagyryşy boýunça 28-nji ýanwarda geçirilen ýörişlerde azyndan 350 adam, şol sanda oppozision lider Alekseý Nawalnyý tussag edildi.
Korrupsiýa garşy çykyş edýän oppozision syýasatçy Nawalnyý 1000-den gowrak adamyň gatnaşmagynda Moskwanyň Twerskaýa köçesinde geçirilen ýörişe goşulan badyna polisiýa tarapyndan süýrelip, awtobusa mündürildi. “Meni tussag etdiler. Zyýany ýok. Twerskaýa geliň. Siz meniň üçin däl-de, emma özüňiz we öz geljegiňiz üçin gelýärsiňiz” diýip, Nawalnyý Twitterde polisiýanyň awtoulagyndan çap eden maglumatynda belledi. Onuň tussag edilişi wideo düşürildi.
Birnäçe sagatdan soň Nawalnyý özüniň boşadylandygyny habar berdi.
Müňlerçe orsýetli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýene alty ýyl ýurdy dolandyrmagynyň perspektiwasyna nägile bolýar. Munuň bilen baglylykda Alekseý Nawalnynyň 18-nji martda geçiriljek saýlawlary boýkot etmek boýunça çagyryşyny goldan adamlar ýurduň onlarça şäherinde köçä çykdylar.
Orsýetiň kanuny goraýjy edaralarynyň işi boýunça maglumat berýän OWD-info websaýty tutuş ýurt boýunça 350 adamyň tussag edilendigini we olaryň aglaba köpüsiniň birnäçe sagatdan boşadylandygyny habar berdi.