Dünýä Halkara Holokost ýatlama gününi belledi
Ýatlama çäreleri Oswensimiň azat edilmeginiň 73-nji ýyl dönüminde, gün ýaşanynda, ýewreý şenbesi tamam bolandan soň, Polşanyň günortasynda geçirildi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Polşanyň paýtagty Warşawada Warşawa gettosy diýlip at berlen ýerde german güýçlerine garşy baş galdyran ýewreýleriň hormatyna dikilen ýadygärlige gül çemenini goýdy.