‘Eho Moskwynyň’ žurnalistini pyçaklamakda aýyplanýanyň tussaglyk möhleti uzaldyldy
18-nji ýanwarda sud Boris Gritsiň 23-nji aprele çenli tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy. Resmiler we waka şaýat bolanlar Gritsiň radionyň studiosyna girip, Felgengaueri damagyndan pyçaklandygyny aýdýarlar.
Sud diňlenişiginiň dowamynda derňewçi 48 ýaşyndaky rus-ysraýyl raýaty Gritsiň ruhy taýdan näsagdygynyň anyklanandygyny we onuň tussaglykda saklanylmalydygyny aýtdy.
“Tussaga güýçli lukmançylyk çäreleriniň görülmelidigi maslahat berildi. Sebäbi ol özüne we jemgyýete howp abandyryp bilýär” diýip, derňewçi belledi.