Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AwtoWAZ: Türkmenistanda gara reňkdäki ulaglaryň gadagan edilmegi konsern üçin kynçylyk döretmez

Türkmenistanda ilatyň gara reňkdäki awtoulaglary sürmegi gadagan edilmegi Russiýanyň “AwtoWAZ” konserni üçin kynçylyk döretmez diýip, “NSN” neşiri bu konserniň metbugat wekili Sergeý Ilinskiýä salgylanyp habar berýär.


Bu maglumat, Türkmenistanda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamaklyk talap edilip başlanandan birnäçe hepde soňa gabat geldi.


13-nji ýanwarda çap edilen maglumatyna görä, Ilinskiý islendik awtoulag öndüriji kärhanada, şol sanda “AwtoWAZ-yň” düzüminde ak reňkli ulaglaryň bardygyny aýdýar.


“Biziň öndürýän ulag modellerimiziň ählisiniň ak reňki bar. Şol sebäpli hiç hili kynçylyk bolmaz. Biziň üçin ak esasy reňkleriň biri bolup durýär” diýip, Russiýanyň “AwtoWAZ” konserniniň metbugat wekili belledi.


Şeýle-de, “NSN” neşiri Russiýanyň LADA kysymly awtoulaglaryny Türkmenistana eksport etmek işleri bilen Gazagystanyň “BIPEK AWTO – AZIYA AWTO” holdinginiň meşgullanýandygyny aýdyp, bu kompaniýa arkaly Aşgabada awtoulaglaryň ilkinji gezek 2016-njy ýylyň fewral aýynda gowşurylandygyny belleýär.


Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Aşgabatda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan paýtagtda ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmek gadagan edilip, olary ak reňke boýamak talap edilip başlandy.


Aradan 10 gün çemesi wagt geçensoň, Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamak talaby ýurduň demirgazyk regiony Daşogza hem baryp ýetdi. Şeýle-de, paýtagtda goýy gök, ýaşyl, çal we goňur reňklerdäki ulaglaryň hereketine hem çäklendirilen derejede gadaganlyk girizildi.


Munuň netijesinde paýtagtyň awtoserwisleriniň boýag sehlerinde uly nobatlar emele gelip, bu hyzmatlaryň bahasy gymmatlady. Paýtagtdaky hususy taksileriň sany hem azalyp, bu transport gatnawynyň tölegi hem tas iki esse gymmatlady.


Türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklary we çäklendirmeler barada ilata düşündiriş bermän gelýärler. Bu gadagançylyklar hakynda ýurduň metbugatynda hem mesele gozgalmaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus