Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Reşit Meredow 15-16 ýanwarda hökümet delegasiýasy bilen Pakistanda saparda bolar. Bu barada Ministrler kabinetiniň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Saparda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi proýektini we beýleki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynda TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek planlaryny yglan etdi hem-de owgan, pakistan kärdeşlerini bu dabara gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle-de Berdimuhamedow dekabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, Orsýeti hem TOPH geçirijisiniň gurluşygyna goşulmaga çagyrdy.
Emma rus prezidenti Owganystanda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzalarynyň peýda bolandygyny aýdyp, bu proýekti durmuşa geçirmek ähtimallygyna şübhe bildirdi.