Çeh respublikasynyň saýlawçylary 13-nji ýanwarda ikinji gün prezident saýlamak üçin ses berýärler.
Iş başyndaky prezident Milos Zeman, Ylymlar akademiýasynyň ozalky prezidenti Žiri Drahosyň öňüni çekmeginde dokuz bäsdeş bilen bäsleşýär.
73 ýaşyndaky Zeman emigrantlara garşy, Orsýete we Hytaýa tarapdar pozisiýalary bilen tanalsa, Drahos Ýewropa tarapdar liberal hasaplanylýar.
Ses berişlikden öňki pikir soramalara görä, birinji tapgyrda Zemanyň ýeňmegine garaşylýar. Emma ol aglaba köplügiň sesini alyp bilmez öýdülýär.
Eger zerur bolsa, ikinji tapgyr saýlawlar 26-27-nji ýanwarda geçiriler.