Orsýetiň Ýokary sudy oppozisiýa lideri Nawalnynyň şikaýatyny ret etdi
Sud 6-njy ýanwarda 30-njy dekabrda, Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň bäş gün öň gelen kararyny tassyklap çykaran kararyny öz güýjünde galdyrdy we korrupsiýa garşy göreşijiniň şikaýatynyň kanagatlandyrylman galdyrylandygyny aýtdy.
Sud Merkezi saýlaw komissiýasynyň karary kanunçylyga doly gabat gelýär diýdi.
Nawalnynyň aklawçysy syýasatçynyň Ýokary suduň Prezidiumyna şikaýat etjekdigini, şeýle-de bu işi, eger gerek bolsa, Konstitusiýa suduna hem çykarjakdygyny aýtdy.
Mundan öň Nawalnynyň aklawçylary onuň bu işi ýewropanyň Adam hukuklary suduna çykarjakdygyny aýdypdylar.
Nawalnyý saýlawlarda bäsleşige gatnaşmakdan galplykda aýyplanyp, günäli tapylandygy üçin çetleşdirildi, emma bu çäre syýasy ar alyş hökmünde görüldi.
Dalaşgärlikden çetleşdirileninden soň, Nawalnyý öz goldawçylaryny 18-nji martdaky prezident saýlawlaryny boýkot etmäge çagyrdy.