Orsýet, Özbegistan ýadro hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler
Rosatom ylalaşyga 29-njy dekabrda agentligiň müdiri general Alekseý Lihaçýow we Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Nodir Otajonow tarapyndan gol çekilendigini habar berdi.
“Hyzmatdaşlyk Özbegistanyň infrastrukturasynyň döredilmegini we ösdürilmegini, türgenleşikleri, ýadro elektrik stansiýalaryň we ylmy reaktorlaryň gurluşygyny, şeýle-de olaryň ulanylyşynyň dowamynda dolandyrylmagyny we üpjün edilmegini öz içine alyp biler” diýip Rosatom öz beýanatynda aýdýar.
Noýabryň başynda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Özbegistana saparynyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda Orsýetiň Rosatom we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasy Özbegistanda Rosatom üçin ýadro ýangyjyň öndürilmegi barada şertnama hem gol çekdiler.