Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ÝHHG-nyň metbugat wekili türkmen ilçisinden tussag edilen blogçyny sorady

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeiro 11-nji fewralda Wenada Türkmenistanyň ilçisi Sylapberdi Nurberdiýew bilen duşuşdy diýip,

"Türkmenistanyň Hronikasy" guramanyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.


Ribeiro Türkmenistana baryp görmäge gyzyklanma bildirdi we Türkmenistanyň metbugat azatlygy we söz azatlygy babatda öz üstüne alan borçlaryny durmuşa geçirmegi üçin öz edarasynyň berip biljek hünärmen kömegini teklip etdi.


Ilçi Nurberdiýew ÝHHG-nyň wekiline Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisini ýerine ýetirmäge doly ygrarly bolup galýandygyny aýtdy we Ribeirony onlaýn žurnalistikasynyň we aragatnaşygyň ösüşi bilen meşgullanýan täze türkmen edarasynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.


Neşir Ribeironyň bu çakylygy kabul edendigini habar berýär.


ÝHHG-nyň metbugat azatlygy pudagyndaky ýagdaýa yzygiderli gözegçilik edýändigini aýdyp, Ribeiro ilçiden 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda iş kesilen blogçy Nurgelda Halykowyň işi barada goşmaça maglumat bermegini sorady.


Türkmen ilçisiniň bu haýyşa näme jogap berendigi aýdylmaýar.


"Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, 26 ýaşly Halykow dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Resmi taýdan ol kezzaplykda aýyplandy, ýöne neşir onuň hakykatda 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-nyň Aşgabada gelen wekilleriniň suratyny žurnalistlere iberenden soň tussag edilendigini aýdýar.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus