'Pussy Riot' toparynyň agzasy Aýsoltan Niýazowanyň maglumatlary Interpol bazasyndan aýryldy
Interpolyň gözleg bazasyndan 'Pussy Riot' toparynyň agzasy Aýsoltan Niýazowanyň maglumatlary aýryldy. Bu barada onuň özi "Nowaýa gazeta Ýewropa" neşirine mälim etdi, emma jikme-jiklikleri açmady. Türkmenistanyň häkimiýetleri Niýazowany 2002-nji ýylda ýurduň Merkezi bankyndan 40 million dollara golaý serişdeleriň ogurlanmagyna ilteşikli bolmakda aýyplaýar. Onuň ekstradisiýasy boýunça haýyş 2002-nji ýylda çykaryldy. Niýazowanyň kakasy Gurbanmyrat Niýazow oppozisiýany goldap, çykyş edipdi we soňundan türmede tussaglykda aradan çykypdyr. Читать дальше...