Ilon Mask Donald Tramp barada ýazan “käbir postlary üçin” ötünç sorady
Telekeçi Ilon Mask özüniň eýeçiligindäki X sosial ulgamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp barada geçen hepde ýazan “käbir postlary” üçin ötünç sorady. “Olar aşa öte geçdi” diýip, Mask ýazdy. Mask bilen Trampyň arasyndaky gapma-garşylyk Maskyň Hökümetiň netijelilik departamentiniň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmeginden soň başlady. Mask Tramp tarapyndan teklip edilen býujet kanun taslamasyna we salgyt ýeňillikleriniň uzaldylmagyna aç-açan nägilelik bildirdi. Tramp bu taslamany “uly we owadan kanun” diýip häsiýetlendirse... Читать дальше...