Türkmenistan Trampyň ABŞ-a girişi bölekleýin çäklendirýän kararyna “aşa düşünmezlik” we “alada” bildirdi
Türkmenistan ABŞ-nyň türkmen raýatlarynyň Birleşen Ştatlaryň çägine girmegine bölekleýin gadagançylyk girizmek baradaky kararyna “aşa düşünişmezlik” we “alada” bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 10-njy iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylýar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine gadaganlyk girizilýär. Читать дальше...