Türkmenistanda hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan sosial-ykdysady problemalary ilat köpçüliginiň ýagdaýyndan görse bolýar. Çagalaryň ýagdaýy ilatyň uly böleginiň garyplaşmagyndan habar berýär. Häkimiýetler bu agyr meseläni çözmegiň ýerine güýç görkezýär. Soňky günlerde paýtagtda we welaýat merkezlerinde köçede dilegçilik edýän ýa-da zibil dörüp, plastik, kagyz ýaly zatlary gözläp tabşyrýan çagalara polisiýa tarapyndan ünsüň artandygyny Azatlygyň habarçylary aýdýarlar. "Polisiýa... Читать дальше...
Türkmenistanyň döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Lebap welaýat şahamçasy sebitiň telekommunikasiýa ulgamlaryna GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagy dowam etdirýär. Ýerli ýaşaýjylar täze tehnologiýalar bilen Internet tizliginiň artdyrylýandygyny ýöne petikli saýtlaryň heniz hem açylmaýandygyny aýdýarlar. Ýerli aragatnaşyk kärhanasynyň informasion tehnologiýalar hünärmeni optiki süýümli GPON tehnologiýasynyň sebitde birnäçe aý mundan ozal ornaşdyrylyp başlanandygyny aýdýar. “Adamlar GPON ulgamyna birikdirilenden soňra... Читать дальше...
Bakuw kazyýeti Azerbaýjanyň syýasy kommentatory Näzakät Mämmedowany Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplap, 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy habar berýär. Metbugatda öz düşündirişleri bilen çykyş eden we YouTube kanalyndaky “Alfa” teleýaýlymyny alyp baran Mämmedowa geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edildi we 5-nji noýabrda azatlykdan mahrum edildi. Azerbaýjanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy ony žurnalist şahsyýetnamalaryny Russiýanyň aňtaw gullugy... Читать дальше...
Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy Kokon şäherindäki kazyýetiň 7-nji noýabrda 11 adama 6 ýyldan 12 ýyla çenli tussaglyk hökümlerini çykarandygyny, olaryň terrorçylyga degişli jenaýatlarda aýyplanandygyny habar berdi. Olar terrorçylygy maliýeleşdirmek, konstitusiýa ulgamyny üýtgetmek barada dil düwüşmek we jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim salýan materiallary saklamak ýaly aýyplamalar esasynda günäli tapyldy. Bu adamlaryň 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda ýerli çaýhanalarda, "Şenbe... Читать дальше...
Ýurduň günortasyndaky Sidon şäherine urlan ysraýyl zarbalary Liwanyň üç raýatyny öldürdi we liwan goşunynyň üç esgerini ýaralady diýip, Liwanyň ýaragly güýçleri 7-nji noýabrda aýtdy. Malaýziýanyň hökümeti bolsa, UNIFIL, BMG-niň Liwandaky içerki güýçleri bilen işleýän raýatlarynyň altysynyň ýaralanandygyny aýtdy. Urlan zarbada barlag nokadyndan geçip barýan bir ulag nyşana alyndy we ulagyň içindäki üç liwanly öldi diýip, goşun öz çap eden beýanatynda aýtdy. Ýaralanan esgerler gözegçilik nokadynda gulluk edýärdi... Читать дальше...
Türkmenbaşyda hyrydary köp bolan günebakar ýagy geçmeýän önümler bilen bilelikde satylýar. Döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümiň nyrhy alyjylara tas üç esse gymmada düşýär. Bir litrlik gaby 18 manatdan bahalanýan günebakar ýagy Türkmenbaşynyň döwlet dükanlarynda satuwda peýda boldy. Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, satuwa çykarylan ýagy diňe başga bir haryt bilen bilelikde satyn alyp bolýar. Hususan-da 1-nji döwlet dükanynda 1 litr ýag alana bahasy 30 manatlyk Türkiýede öndürilen miwe suwy berilýär. Читать дальше...
Mary welaýatynda döwlet edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin işden çykyp, iş gözlegine daşary döwletlere gidýärler. Bu ýagdaý welaýat merkezinde we etraplarynda ýerleşýän edara-kärhanalarynyň tas ählisinde göze ilýär. Baýramaly etrabynda şu günler pagta zawodynda, agyz suwy, gaz, elektrik tok üpjünçiligi edarasynda, öý müdirligi, lukmançylyk edalaralarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde, şeýle-de harby we kanun gorýajy edaralarynda işden meýletin çykýan işgärleriň sany barha köpelýär. Bu... Читать дальше...
Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary sebitiň çägindäki üsti açyk ammarlarda saklanýan müňlerçe tonnalyk kükürt kislotasynyň ýerli ilatyň jan-saglygyna zyýan ýetirýändigini aýdyp, bu ammarlaryň ýaşaýyş ýerlerinden göçürilmegini soraýarlar. “Türkmenistanyň prezidenti Azatlyk Radiosyny yzygiderli diňleýändir diýip umyt edýäris. Şonuň üçin, kükürt ammarlarynyň biziň ýaşaýan ýerlerimizden göçürilmegini sorap prezidente ýazan hatymyzy Azatlyk Radiosynda eşitdirmegiňizi haýyş edýäris” diýip, birnäçe sarahsly ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna iberen hatynda aýdýar. Читать дальше...
Ulag we logistika gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şol sanda Hytaýdan Ýewropa Russiýadan sowlup geçmek mükinçiligini berýän marşrut gurmak Türki döwletler guramasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri diýlip atlandyryldy. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew TDG-niň 6-njy noýabrda Bişkekde geçirilen sammitinde eden çykyşynda guramanyň agzalaryny Merkezi Aziýa, Hazar deňzi we Günorta Kawkaz ýurtlarynyň üstünden geçýän koridoryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. “Türk dünýäsiniň ykdysady... Читать дальше...
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türki döwletler guramasynyň 6-njy noýabrda Bişkekde geçirilen sammitinde eden çykyşynda bir-bitewi türk elipbiýiniň tizden-tiz döredilmeginiň ähmiýetini nygtady diýip, Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugy habar berdi. “Biziň umumy elipbiýimiz biziň geljegi bilelikde gurýandygymyzyň alamaty bolup durýar. Gatnaşyjy ýurtlar mundan beýläk bu elipbiý esasynda zerur bolan geçiş özgertmelerini durmuşa geçirmeli. Türkiye, Azerbaýjan, Demirgazyk Kipr bir-bitewi türk elipbiýine geçmäge taýyn. Читать дальше...