Türkmenistanly raýatlaryň ençemesi 25-nji martda Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmedi. Aşgabadyň aeroportundaky kanun goraýjy we migrasiýa resmileri ýolagçylara dilden beren düşündirişlerinde munuň “Moskwa hüjümi” bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.
Lebap welaýatynyň Kerki şäheri ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi. 20-nji martda ýagan güýçli ýagyş şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasyna zyýan ýetirdi. Jaýlaryň howlularyny uly adamyň dyzyna çenli ýetýän suw basdy.
Arkadag şäherinde jaý satyn almak hemmä elýeterli däl. Ummasyz pula gurlan kaşaň şäheriň ýaşaýjysy bolmak diňe Ahalyň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryna rugsat berilýär. Emma bu ýerdäki gymmatbaha jaýlary satyn almagy başaran raýatlar hem täze öýlerine degişli dürli garaşylmadyk ýagdaýlara duçar bolýarlar.
Türkmenbaşydaky we Balkanabatdaky awtobus we taksi kärhanalary sebitde ýazgyda durmadyk sürüjilerini, ýagny beýleki sebitlerden gelip işleýän içerki migrantlary işden boşatdy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.