Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşkentde çagalara sütem eden gizlin dini mekdep tapyldy

Daşkendiň Täzehaýot etrabynda çagalary bendilikde saklap, zorluga sezewar edýän ýerasty dini mekdep tapyldy diýip, Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy habar berdi.

Döwlet edarasynyň maglumatyna görä, Kaşkaderýa sebitinde doglan 34 ýaşly erkek ýaşaýyş jaýyny kireýine alyp, 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli aralykdaky dokuz çaga tölegli dini sapak beripdir. Ol paýtagtdaky hususy uniwersitetleriň biriniň ikinji ýyl studenti eken.

Derňewçileriň sözlerine görä, sapaklar mejbury ýagdaýda geçirilip, käbir ýagdaýlarda çagalara fiziki, beden şikesi ýetirilipdir. Şeýle-de, ol çagalaryň altysynyň birnäçe aýlap mekdebe bolman, dini sapak alýan jaýynda saklanandygy, hatda köçä hem goýberilmändigi aýdylýar.

Hususy dini mekdebe öwrülen jaýda geçirilen gözleg mahalynda 49 dini kitap, sapak ýazgylary bolan 24 depder we noutbuk tapyldy.

Güman edilýän erkege garşy Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 229-2-nji maddasynyň 2-nji bölegi ("Dini taglymatlary öwretmegiň tertibini bozmak") boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Çagalaryň ene-atalaryna bolsa, "Çagalary terbiýelemek we bilim bermek borçlary ýerine ýetirmezlik" boýunça administratiw çäreler görüldi.

Döwlet howpsuzlyk gullugy şuňa meňzeş ýene bir ýagdaýyň üstüniň açylandygyny habar berdi. Güman edilýän erkek uniwersitetde mugallym bolup, aýaly bilen bilelikde şol bir etrapda kireýine alnan kwartirada bikanun dini sapak beripdir. Sapklara 8 ýaşdan 17 ýaşa çenli aralykda bäş çaga, şol sanda Täjigistanyň bir raýaty gatnaşypdyr.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus