Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gürjüstanyň “Black Sea Petroleum” zawody türkmen nebitini gaýtadan işlär

Gürjüstanyň nebiti gaýtadan işleýän “Black Sea Petroleum” (BSP) zawody Türkmenistandan we Gazagystandan getirilýän nebiti gaýtadan işläp başlar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

“Business Media Georgia” agentligine salgylanyp berlen habara görä, kompaniýanyň baş direktory Dawid Poshweriýa türkmen çig malynyň üpjünçiligi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny we bu ugurdaky işleriň ýakyn aýlarda başlanjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Poshweriýa häzir Azerbaýjanda öndürilýän nebitiň üstaşyr, yzygiderli getirilmegi boýunça logistika meseleleriniň çözülýändigini belledi.

Gara deňziň kenaryndaky Kulewi şäherinde ýerleşýän BSP ýylda 1,2 million tonna çenli nebiti gaýtadan işläp, nafta, mazut we dizel ýangyjynyň komponentlerini öndürýär diýip, habarda aýdylýar.

"Kommersant" gazetiniň habaryna görä, Gürjüstanyň BSP zawody rus nebitinden sanksiýalar sebäpli ýüz öwrer. Gazet bu habary BSP-niň baş direktory Dawid Poshweriýanyň ýerli "Business Media" neşirine aýdan sözlerine salgylanyp berdi.

Poshweriýa bu zerurlygy Russiýanyň nebit önümleriniň häzirki wagtda ÝB-ne import edilmeginiň "gadagan edilendigi" bilen düşündirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalisti Farangiz Najibullanyň geçen ýylyň oktýabrynda çap edilen makalasynda bellemegine görä, Türkmenistanyň ägirt uly nebit we gaz gorlary, şeýle hem hökümetiň önümçilige berk gözegçilik etmegi ýurduň içerki bazaryny birneme durnuklaşdyrýar.

Subsidirlenen içerki bahalar, türkmen sarp edijileriniň daşarky näsazlyklardan belli bir derejede goraglydygyny aňladýar.

"Türkmenistan sebitde ähli energiýa çeşmelerinde artykmaçlyga eýe bolan ýeke-täk ýurtdyr" - diýip, ykdysatçy Marat Musuraliýew Gyrgyz gullugyna aýtdy.

Ýurt 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda benziniň we dizeliň önümçiligini has ýokarlandyrandygyny 3-nji oktýabrda öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy bu habary garaşsyz tassyklap bilmedi.

Türkmenistan her gün 275,000 barrele çenli çig nebit we suwuk ýangyç öndürýär.

Goňşy Gazagystan ýaly, bu ýurt hem üýtgeýän energiýa landşaftyndan peýdalandy - sebitdäki bazarlara has köp nebit önümlerini eksport etdi.

Habar beriş serişdelerinde çap bolan maglumatlar Aşgabadyň goňşy Özbegistana we Owganystana edýän eksportyny artdyrýandygyny görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus