Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýramalyda köpgatly jaýlaryň çüýrän turbalary deşilýär, ýaşaýjylar özbaşdak çäre görýärler

Baýramaly şäheriniň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde agyz suw we ýyladyş üçin suw turbalary çüräp deşilýär. Altyn-Asyr we Magtymguly köçelerinde ýerleşýän birnäçe jaýyň ýaşaýjylary problemany çözmek ugrunda tagalla edýärler.

"Biziň köpgatly köne jaýlarymyzyň näçinji ýylda gurlandygyny kim bilýär. Emma şondan çekilen demir we çoýun turbalar häzire çenli çalşyrylmady. Indi turbalar çüýräp deşilip, ýerzeminleri suw basýar. Öý müdirligine habar berýäris, dessine çäre görmesek suw köpgatly jaýyň girelgesinden daşyna akyp başlar" diýip, Baýramalynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Jaýyň ýerzeminindäki çyglyk tutuş bina ýaýraýar adamlaryň dem almagyny kynlaşdyrýar we mör-möjekleriň döremegine sebäp bolýar.

"Kwartiranyň gapysyny açyp, ýapsaň öýüň içine ençeme çybyn girýär. Kiçi çaga, uly adam gije ýatyp, uklap bilmeýär. Çagalarymyzyň endamy gyzyl pakga-pakga boldy" diýip, ýaşaýjylaryň ýene biri aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar öý dolandyryş edarasyna yzly-yzyna ýüz tutýandygyny we çäre görmegi soraýandygyny gürrüň berdiler.

"Bir çäresini tapyň diýip, ýalbardyk. Öýümiziň içini çygly zeý suwuň ysy gurşap aldy, howadan dem almak kyn diýip, öý müdirligine duýdurdyk. Ilki biziň suwumyzy kesdiler we jemagat suw awtoulagy bilen sorduryp aýyrdylar. Şol gün şunuň bilen iş gutardy. Bütin bir binanyň ýaşaýjylary suwsuz galdy" diýip, ýaşaýjy suwuň diňe indiki günüň agşamy berlendigini gürrüň berdi.

Emma baýramalylaryň gürrüň bermegine görä, munuň bilen zeý suwuň ysy we çyglyk aýrylmandyr. Olar ýerzemine baryp, turbalary barlap görseler, turbalaryň çalşyrylman, deşilen ýerleriniň tagta bölekleri bilen ýamalandygyny görüpdir.

"Iki gün bäri zeý suwuň ysy aýrylmansoň, ýerzemine ýaşaýjylar bolup girip görsek olar ol çüräp deşilen turbany täzelemän, deşigini anyklap, şol ýere agaç kakypdyrlar. Suw haýaljak akyp dur we gitdigiçe köp akjaga meňzeýär" diýip, ýene bir ýaşaýjy aýdýar. Ol öý müdirliginde "täzelemäge turbamyz ýok" diýlendigini gürrüň berdi.

'Abatlaýyş işlerini özümiz geçirýäris'Häzir Altyn-Asyr köçesiniň ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylary deşilen turbany täzelemek üçin pul toplaýarlar.

Mollanepes köçesindäki köpgatly jaýlaryň birinde ýaşaýan ýaşaýjy goňşulary bilen bilelikde binada döreýän näsazlyklary anyklamak we bejermek üçin geçen ýyldan bäri özbaşdak hereket edýändigini gürrüň berdi.

"Biz abatlaýyş we bejeriş işini geçirip ýörüs" diýip, gürrüň beren ýaşaýjy häkimiýetlere edilen şikaýatlaryň jogapsyz galýandygyny, käwagt häkimiýetleriň ýaşaýjylary günäläp, jogapkärçiligi başdan sowmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Baýramalynyň Altyn-Asyr we Mollanepes köçelerine seredýän öý dolandyryş müdirliklerinden we şäheriň jemagat gulluklarynyň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus