Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Türkmengaz” döwlet konserni Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

“Türkmengaz” döwlet konsernine Hytaýyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti SerdaR Berdimuhamedowyň gol çeken karary 20-nji martda çap edildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu karara ýurduň nebit-gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen gol çekilendigi bellenýär.

Bu habar Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin uly Berdimuhamedowyň sapary wagtynda Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Berdimuhamedow bu sapary Hytaý tarapynyň çakylygy boýunça, Eýrandaky uruş we Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlar netijesinde dörän ýangyç krizisiniň arasynda amala aşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus