Gyrgyz işewüri "MHDK-niň terrorçylykly hüjümine" sezewar bolandygyny aýdýar
"Aýu Holding" gyrgyz kompaniýasynyň esaslandyryjysy Şarşenbek Abdykerimowyň 15-nji martda eden beýanaty 22-nji martda sosial mediada ýaýradylmaga başlandy. Onuň garyndaşlary edilen beýanatyň çap edilen hasabynyň Abdykerimowyň özüne degişlidigini tassykladylar.
Onda işewür Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň Bişkekdäki edarasynyň öňki başlygy Eldar Žakypbekowyň öz biznesine "terrorçylykly hüjüm edendigini" öňe sürdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu hereketler ýörite gulluklaryň öňki başlygy Kamçybek Taşiýewiň görkezmesi bilen amala aşyryldy.
Şeýle-de, Abdykerimow bu wakalardan bäri bäş gezek operasiýa etdirendigini, ýüreginden tutandygyny we ýürek agyrysyndan ejir çekýändigini habar berdi.
"Uly holding kompaniýasy otuz ýylyň dowamynda nähili ösüp, müňlerçe adama iş orunlaryny döretdi? Bularyň hemmesi üç ýyldan az wagtyň içinde nädip ýok edilip, ýitip gitdi? Bularyň barysy meniň durmuşymda hiç haçan ýatdan çykarmajak wakalarym boldy" diýip, ol aýtdy.
Ol öz çap eden beýanatynda häzirki wagtda Londondadygyny hem belläp geçdi we garyndaşlary “Azattygyň”, Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň soragyna jogap berip, bu maglumaty tassyk etdiler.