Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat 336 raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 336 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky permana gol çekdi.

13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlar galan jezalaryny çekmekden boşadyldy.

Permanynda bu çözgüdiň rehimlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini pugtalandyrmak hem-de her bir maşgalanyň abadançylygy baradaky aladadan gelip çykýandygy bellenilýär.

Habarda döwlet baştutanynyň günäsi geçilenlere mynasyp raýatlar bolup, Watanyň bähbidine yhlasly zähmet çekmegi we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw edendigi aýdylýar.

Günäsi geçilenleriň arasynda syýasy tussag ýa-da wyždan ýesiri hasaplanylýan raýatlaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanýar we türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan adamlaryň käbiriniň ykbaly käte diňe aradan çykyp, jesedi maşgalasyna gowşurylanda belli bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus