Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň netijeleri yglan edildi
Gazagystanlylaryň 87,15 göterimi Esasy kanunyň referenduma, sala salyşlyga hödürlenen taslamasyny goldady. Merkezi referendum komissiýasy bu netijäni 16-njy martda, Astanada geçirilen brifingde yglan etdi.
Saýlawçylaryň 9,83 göterimi ýa-da 898,099 saýlawçy resminama garşy ses berdi.
146,000-den gowrak býulleten hakyky däl hasaplandy.
Resmi maglumatlara görä, gatnaşygyň 73,1 göterim boldy. Referendumyň ykrar edilmegi üçin ses bermäge saýlawçylaryň azyndan ýarysy gatnaşmaly.
Gazagystanlylardan “Siz Gazagystan Respublikasynyň täze Konstitusiýasyny, 2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen taslamany kabul edýärsiňizmi?” diýlen soraga jogap bermekleri soraldy.
Täze Konstitusiýanyň taslamasy prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen we onuň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.