Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Arkadagyň propoganda sadakasyna' mejbury pul, azyk toplanýar

Şu hepdäniň aýagynda Balkanabatda ozalky prezident, Halk maslahatynyň häzirki başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan müňlerçe adama niýetlenen agyzaçar sadakasyny bermek üçin döwlet işgärlerinden mejbury pul toplanýar, ýerli telekeçilere öz hasaplaryna azyk bilen üpjün etmek tabşyrylýar.

Balkan welaýatynyň administratiw merkeziniň baş metjidinde “Hajy Arkadagyň adyndan” berilýändigi aýdylýan bu iýip-içmä gatnaşjak adamlaryň aglabasynyň öňünden saýlanandygy, adaty adamlar üçin elýterli bolmajakdygy barada hem ýerli emeldarlar dilden duýdurýar.

“Şu bazar güni Balkanabatda ‘Hajy Arkadagyň’ adyndan 2 müňe golaý adama niýetlenen agyzaçar sadakasy beriler. Munuň üçin 20 sany uly öküzi öldürip, onlarça gazanda nahar bişirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga, sadakadan tagamalar welaýatdaky ýetimler öýüne, garrylar öýüne dagy hem ugradylar” diýip, metjidiň bir wekili habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy döwletiň guramalaşdyrýan bu çäresi üçin, her uly dabaralarda bolşy ýaly, býujet işgärleriniň pul tabşyramaga, telekeçileriň bolsa azyk harytlar bilen üpjün etmäge mejbur edilýändigini aýtdy.

“Hepdäniň başyndan bäri ýolbaşçylar bu sadaka üçin 50 manat tabşyrmaga mejbur edýärlerler. Şäheriň beýleki döwlet işgärlerinden, mugallymlardan, lukmanlardan, hatda polisiýa işgärlerinden hem pul toplanýar. Käbir edaralarda adam başyna 100 manat bermeli edipdirler. Biz juda nägile; onda-da, işden kowulmakdan howatyr edip, dymýarys we boýun bolýarys” diýip, anonim ýagdaýda gürleşen bir balkanabatly aýtdy.

Sadakany azyk bilen üpjün etmäge mejbur edilýän telekeçileriň käbiri, häkimiýetleriň ozalky bular ýaly çäreler üçin ‘göwnüňden çykaranaňy beräý’ diýen bolsalar, indi anyk önümleriň, anyk mukdaryny talap edýändiklerini bellediler.

“Edil biz-ä 100 kg un we 100 kg arap hurmasyny satyn almak aýdyldy. Bu hurmanyň 1 kilogramy, hiline görä, 180-250 manat aralygynda [bahalanýar]. Habarlaşýan beýleki käbir telekeçi tanyşlarymyza, biznesine görä, miweli şerbetli suwlary, ýene käbirlerine süýji-kökeleri getirmek tabşyryldy. Häkimligiň işgärleri diňe ‘aňrybaş’ önümleriň gerekdigini aýdýarlar. Her gezeginde bolşy ýaly, muňa boýun bolmasak, resmiler geljekde işimizde ‘meseleleriň döräp biljekdigi’ barada göni aýtmasalar-da, muny anyk belli edýärler” diýip, 40 ýaşlaryndaky balkanly bir söwdagär 13-nji martda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýurtdaky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizis sebäpli gün-güzerany agyrlaşan, gündelik çöregi mesele bolan ýaşaýjylaryň bu sadaka goýberilmejekdigi barada hem maglumatlar gowuşýar.

Döwlet edaralarynyň birindäki ýolbaşçylar işgärlerine bu sadaka welaýatyň tanymal aksakgallarynyň, ak saçly eneleriniň, häkimlikleriň jogapkär işgärleriniň, deputatlaryň, medeniýet wekilleriniň we çagyryljak beýleki adamlaryň öňünden saýlanyp alynýandygyny aýdypdyr.

Mundan öň habarçylarymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiri, resmi ýagdaýda boýun alynmaýan açlyk sebäpli gündelik çöregi tapmagyň hem alada öwrülendigini, bu sebäpli her näçe utansalar-da, Oraza aýynda agzaçarda-beýlekide garynlaryny doýurmaga synanyşýandyklaryny gürrüň beripdiler.

“Arkadagyň propagdanda sadakasy diňe doklar üçin, onda garyp, mätäç adam bolmaz” diýip, iki çaganyň kakasy, işsizlikden kösenýändigini aýdýan 30 ýaşlaryndaky bir balkanabatly belledi.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanyň häkimiýetlerinden, şol sanda “Arkadagyň sadakasy” üçin pul toplanýan döwlet edaralaryndan teswir almak başartmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus