Türkmenistan Eýran bilen arada ýene dört serhet geçelgesini açdy
Türkmenistan Eýrandan çykjak adamlar üçin ýene-de dört serhet geçelgesiniň işini dikeltdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär.
Mundan öň adamlaryň diňe “Sarahs” serhet geçelgesi arkaly Türkmenistana geçip biljekdigi, sekiz russiýalynyň bu ugurdan peýdalanyp, Aşgabada gelendigi we öz ýurduna uçandygy habar berlipdi.
Şeýlelikde, öň işläp duran "Saras" geçelgesinden başga "Artyk - Lütfabad", "Howdan -Bajgyran", "Akýaýla - Inçeburun", "Altyn Asyr - Inçeburun" serhet geçelgeleri Eýrandan çykmak mümkinçiligini berer.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň telegram kanalynda aýdylmagyna görä, Eýrandaky rus raýatlary bu geçelgelerden geçmek üçin öz ýurtlarynyň Eýrandaky ilçihanasyna ýüz tutmaly.
Türkmenistan Eýranda galan raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagy barada bir resmi maglumat bermeýär.