Pakistan serhetdäki çaknyşykdan soň Kabula howa hüjümlerini amala aşyrdy
Owganystany dolandyrýan "Talyban" serhet welaýatlarynda harby operasiýa başlandygyny yglan edenden soň, Pakistanyň güýçleri Kabulda we Kandagarda howa hüjümlerini amala aşyrdy.
"Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid 26-njy fewral agşamy Kabulyň "Durand çyzygynda (iki ýurduň arasyndaky serhet) Pakistanyň harby merkezlerine we harby desgalaryna garşy hüjüm operasiýasyny başlandygyny" yglan etdi. "Talyban" hereketiniň Goranmak ministrligi operasiýanyň dowamynda 55 pakistan esgeriniň öldürilendigini, iki bazanyň we 19 postuň ele geçirilendigini aýtdy.
Pakistanyň Maglumat ministrligi "Talyban" hereketiniň Haýber-Pahtunhwa welaýatyndaky birnäçe serhet postlaryna sebäpsiz ot açandygyny we howpsuzlyk güýçleriniň "derhal we netijeli jogap berendigini" mälim etdi. "Deslapky habarlar owgan tarapynda köp sanly postlaryň we enjamlaryň ýok edilendigini tassyklaýar" diýlip, ministrligiň maglumatynda aýdyldy.
27-nji fewralda Pakistan Owganystanda howa hüjümlerini amala aşyrdy.
Owgan tarapy hüjümleriň "Kabulyň, Kandagaryň we Paktiýanyň käbir ýerlerine" gönükdirilendigini tassyklady. Mujahid hiç hili pidanyň ýokdugyny öňe sürdi.
Pakistanyň premýer-ministriniň metbugat wekili Moşarraf Zaýdi owgan tarapynda 133 adamyň öldürilendigini, 200-den gowrak adamyň ýaralanandygyny we howa hüjümlerinden adam pidalaryň bolandygyny öňe sürdi.
Ýurtlaryň arasyndaky 2611 kilometrlik serhet Durand liniýasy diýlip atlandyrylýar we Owganystan tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmeýär.Pakistan owgan häkimiýetlerini gadagan edilen "Tehrik-e-Taliban Pakistan" (TTP) agzalaryny gizlemekde aýyplaýar. Yslamabat bu toparyň Pakistanyň topragynda ölümli hüjümleri amala aşyrýandygyny öňe sürýär. Kabul bu aýyplamalary ret edýär.