Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanda MHDK-niň korrupsiýa garşy göreş bölüminiň başlygy korrupsiýada aýyplanýar

Bişkek şäheriniň Birinji Maý etrap kazyýeti 19-njy fewralda Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň 6-njy bölüminiň, aýratyn möhüm işler boýunça baş müdirliginiň başlygy Tilek Abdykalykowy 15-nji aprele çenli tussaglykda saklamak kararyny çykardy.

Harby prokuraturanyň derňew bölüminiň başlygy onuň tussag edilmegini sorady. Etrap kazyýetiniň maglumatyna görä, güman edilýän resmi Jenaýat kodeksiniň "Korrupsiýa" maddasy boýunça aýyplanýar.

Açyk çeşmelerde Tilek Abdykalykow barada jikme-jik maglumat ýok. Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň korrupsiýa garşy göreş gullugy ýatyrylanyndan soň, korrupsiýa garşy göreş 6-njy Baş müdirlige geçirildi.

Kamçybek Taşiýew Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadylanyndan, bu edaranyň işgärleriniň birnäçesi tussag edildi.

Olaryň arasynda MHDK-niň baş müdirliginiň öňki başlygy Eldar Žakypbekow, MHDK-niň Çuý sebiti boýunça derňew bölüminiň öňki başlygy Berdibek Boronbaýew, şeýle-de Žakypbekowa ýakyn diýilýän öňki işgär Sydyk Düýşembiýew, Respublikan sport kollejiniň direktory Şeraly Sydykow, Aýbek Taşmatow dagy hem bar.

Olaryň ählisine Jenaýat kodeksiniň "Korrupsiýa" maddasy boýunça aýyplama bildirildi.

Derňew Harby prokuratura tarapyndan alnyp barylýar, ýöne häzirlikçe jenaýat işleriniň jikme-jiklikleri aýan edilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus