Lebapda jemgyýetçilik awtobuslarynyň kireý nyrhlary 200%-e çenli gymmatlady
“Geçen hepde welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki hususy awtobuslaryň nyrhlary 1 manatdan 2 manada gymmatlady. Munuň yzysüre döwlet awtobuslarynda hem bahalar 50 teňňeden bir manada ýokarlandy. Türkmenabatdan welaýatyň beýleki şäherlerine hem-de etraplaryna gatnaýan döwlet awtobuslarynyň kireý nyrhlary 3 manatdan 9 manada çenli gymmatlady” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu ýagdaý şäher ilatynyň, esasan-da gündelik durmuşda jemgyýetçilik ulaglaryna garaşly bolan pes girdejili raýatlaryň aglabasynyň arasynda uly alada döretdi.
Kireý nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň yz ýanynda, aglaba hususy hem-de döwlet awtobuslarynyň esasy toplanyp durýan nokatlarynyň biri bolan Türkmenabadyň “Gök” bazarynyň öňünde awtobusa garaşýan adamlaryň onlarçasy öz nägileliklerini aç-açan beýan etdi.
“29-njy ýanwarda “Gök” bazaryň öňünde awtobusa garaşyp duran mähelle awtobusyň sürüjilerine, hökümete hem-de Serdara [prezidente] paýyş sözleri aýdyp, köpçülikleýin nägileligini bildirdi. Goh-galmagal döränligi sebäpli bazaryň polisiýa işgärleri gelip, olary köşeşdirmäge synanyşdy. Soňra-da, olar ‘häzir galmagaly bes etmeseňiz OMON-y [polisiýanyň pitnäni basyp ýatyryjy bölümini] çagyrarys” diýip, gorkuzmak bilen, mähelläni dargatdylar” diýip, bazaryň töwereginde ýaşaýan we waka şaýat bolan türkmenabatly anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu protest aksiýasynyň yzysüre, şol günüň ahyrynda şäherdäki döwlet awtobuslarynyň kireý nyrhlary gaýtadan arzanladylyp, öňki bahasyna getirildi.
Ýokarlandyrylan nyrhlar saklanýarMuňa garamazdan, hususy awtobuslaryň we Türkmenabatdan welaýatyň beýleki şäherlerine hem-de etraplaryna gatnaýan döwlet awtobuslarynyň kireý nyrhlary ýokary bolmagynda galýar.
Bu ýagdaýlary Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz hem tassyklap, döwlet awtobuslarynyň ýol kireý nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy hakynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan dil üsti bilen buýruk berlendigini aýtdy.
“Ýöne buýruk durmuşa geçirilenden 24 sagat soň, ýagny raýatlar nägilelik protestini bildirenden soň, dessine ýatyryldy. Bu buýruk diňe Türkmenabatdaky döwlet awtobuslaryna degişlidi. Şäherden beýleki etraplara we şäherlere gatnaýan awtobuslaryň ýol kireý nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakynda buýruk berilmedi” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda agzalan bazaryň administrasiýasyndan we lebaplylary jemgyýetçilik transport serişdeleri bilen üpjün edýän "Lebap awtoulag" önümçilik birleşiginden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu aralykda, hususy awtobuslaryň we Türkmenabatdan welaýatyň beýleki şäherlerine hem-de etraplaryna gatnaýan döwlet awtobuslarynyň kireý nyrhlarynyň täze, ýokarlandyrylan bahada saklanmagy köp ýaşaýjynyň arasynda nägileligiň dowam etmegine sebäp bolýar.
“Işe gitmek, bazara çykmak, hemmesi has kyn boldy. Bu ýagdaý dowam etse, ozal hem zordan gün görýän ilatyň arasynda nägilelik has-da güýçlenip biler” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň ençemesi aýtdy.
Türkmenabatda diňe ýol kireý nyrhlary däl, eýsem käbir azyk önümleriniň hem bahalary ýokarlanýar. Hususan-da, etiň bahasy soňky günlerde 20% çemesi gymmatlady.
“Mundan birnäçe gün ozal bir kilogram et 100–102 manat aralygynda satylan bolsa, häzirki wagtda onuň bahasy 120 manada çenli ýokarlandy” diýip, türkmenabatly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Ilatda näbellilik we gorky artýar"Ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmagyň bu ýyl bes edilendigini, ýöne azygyň we beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň dowam edýändigine ünsi çekip, ilat arasynda näbelliligiň we gorkynyň artýandygyny aýdýar.
“Köp maşgala gündelik çykdajylaryny nädip ýapmalydygyny bilmeýär. Bahalar her gün ýokarlanýar, ýöne aýlyk şol bir derejede galýar. Adamlar nädip ýaşamaly?” diýip, türkmenabatly pensioner sorag berýär.Türkmenistanda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak boýunça 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilen tejribe şu ýyldan başlap bes edildi.
Bu aralykda, häkimiýetler dekabr aýyndan başlap köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdaryny 300%-e çenli ýokarlandyrdy. Şeýle-de, ýurtda azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, dermanlaryň we çaga iýmitleriniň bahalary hem onlarça göterim gymmatlady.
Ýakynda okuw wizasy bilen Türkmenistandan Polşa gelen lebaply ýaşaýjy Türkmenabadyň we Aşgabadyň söwda nokatlarynda import edilen azyk harytlarynyň nyrhlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň dükanlaryndaky bahalardan hem gymmatdygyny aýtdy.
“Polşada bir guty ‘Rafaello’ kökesinyň nyrhy 35 zlot bolýan bolsa, Türkmenistanyň dükanlarynda 300 manat. Bu, zlotyda 50 zlotydan hem ýokary bolýar” diýip, häzir Polşada ýaşaýan lebaply ýaşaýjy öz şaýat bolan tejribelerini Azatlyk bilen paýlaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.