Balkanly futbol ‘janköýerlerinden’ 120 manada futbolka satyn almak talap edilýär
Balkanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň bu çäresini “ýerli fabrigiň girdejisini býujetçileriň, talyplaryň we okuwçylaryň hasabyna artdyrmak tagallalary” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Ýanwar aýynyň 8-den bäri edara-kärhanalaryň, orta mekdepleriň we sebitdäki ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary futbol janköýeri hökmünde Aşgabatdaky çärä gatnaşmaly edilen býujet işgärlerinden, talyplardan, okuwçylardan ýörite futbolkalary satyn almagy talap edýärler. Her biri 120 manat bahalanýan bu futbolkanyň döşünde ‘Arkadag’ ýazgysy bar” diýip, balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary arasyndaky futbol ýaryşy 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Paýtagtyň häkimiýetleri oňa görülýän taýýarlyk maşklaryny iki hepde çemesi ozal geçirip başladylar. Oňa býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň müňlerçesi gatnaşmaly edildi. Yzly-yzyna geçirilýän maşklarda ýaşlara “janköýer” bolmak öwredilýär.
Bu çärä gatnaşmaly edilen býujet işgärleriniň we talyplaryň ençemesiniň sözlerine görä, ýolbaşçylar “Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň” dokma fabrigi tarapyndan öndürilen futbolkanyň puluny olaryň aýlyklaryndan we talyp haklaryndan eýýäm saklap galdylar.
“Hemişe bolşy ýaly işgärleriň, talyplaryň, okuwçylaryň ony isläp islemeýändigine seretmeýärler. Ýolbaşçylar ýokardan buýruk berlendigini aýtdylar. Hemmeler gyradeň satyn almaly edildi. Ony çärelerde gyşky egin-eşikleriň üstünden geýmek talap edilýär” diýip, balkanly talyp anonimlik şertinde aýtdy.
Balkanlylaryň ençemesi futbolkanyň hiliniň juda pesdigine hem ünsi çekip, onuň “diňe futbol çäresi geçýänçä oňşar ýaly" edip öndürilendigini aýdýar we häkimiýetleriň nobatdaky çäresini “ýerli fabrigiň girdejisini býujetçileriň, talyplaryň we okuwçylaryň hasabyna artdyrmak tagallalary” atlandyrýar.
“Bu fabrigiň öndürýän önümleriniň hili ozalam juda pes bolup, ilat arasynda olara isleg ýok. Mundan ozal hem, ýerli häkimiýetler bu fabrigiň öndüren sport egin-eşiklerini we beýleki önümlerini býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň boýnuna mejbury dakypdylar we olary köpçülikleýin çärelerde bir gezek geýmeli edipdiler” diýip, balkanly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan fabrikden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji fewralda kompleksiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda býujet işgärlerinden, talyplardan we okuwçylardan egin-eşikleri, şol sanda jalbarlary, tahýalary we matalary satyn almak talaby 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Ýylyň dowamynda bir-iki gezek, käte ondan hem köp gaýtalanýan bu talaba býujetçileriň, talyplaryň we okuwçylaryň ene-atalarynyň köpüsi nägilelik bildirse-de, bu ýagdaý ýylyň-ýylyna dowam edip gelýär. Türkmenistanlylar öz nägileliginiň sebäbini bu önümleriň hiliniň pesligi, ýöne olaryň bazardakydan azyndan iki-üç esse gymmatdygy bilen düşündirýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada asla gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.