Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky meseleler il-ýurt bähbitlerine 'ters gelýär'

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda, garaşsyz ýurt bolanlaryndan soň, özara diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna indiki aýda 33 ýyl bolýar.
Iki goňşynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993 -nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Ýöne synçylar, gepleşikleriň diňe gepleşik geçirmek hatyrasyna geçirilýändigini, hakyky iş üçin geçirilmeýändigini aýdyp, iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynda näme üçin hakyky ynanyşmak we açyklyk ýok diýen soragy berýärler.
Bu sorag Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň 17-nji ýanwarda türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklara salgylanyp, ýurduň işewür jemgyýetiniň Türkmenistan bilen aradaky iş gatnaşyklaryna döredilýän emeli päsgelçilikler barada mesele gozgan wagtynyň yz ýanyndan berilýär.
Gatnaşyklar 'çylşyrymly', syýasy wakalara 'baý boldy'Azatlygyň habarçylary 7-nji fewralda bellenjek sene mynasybetli ýerli synçylar, ýaşaýjylar bilen gürleşip, olardan iki duldegşir goňşynyň arasynda geçen 33 ýylda amala aşyrylan we amala aşyrylmadyk işler, çynlakaý özara ynanyşmagyň ýola goýulmazlygynyň düýp sebäpleri barada edýän pikirlerini soradylar.
Synçylaryň, ýönekeý raýatlaryň aýtmaklaryna görä, geçen 33 ýylyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklary örän çylşyrymly syýasy wakalara baý boldy.
Iki ýurduň gatnaşyklarynda käte az-kem maýylganlyk dörese, käte dartgynlylyk ýüze çykýardy diýip, söhbetdeşlerimiz 1993-1999-njy ýyllary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda "iň ösen, iň maýylgan" döwür hökmünde suratlandyrdylar.
Olaryň sözlerine görä, geçen asyryň soňky on ýyllygynda täze dörän iki garaşsyz döwletiň arasynda sowetler zamanyndan galan özara işdeşlik, medeni gatnaşyklar, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk belli bir derejede bardy.
"Türkmen-özbek gatnaşyklary 1995-96-njy ýyllara çenli ösdürilýärdi, özara kärhanalar, ykdysady proýektler durmuşa geçirilýärdi, 1996-1999-njy ýyllarda bu gatnaşyklar kem-kemden pese gaçyp ugrady, muňa Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýapyklyk we üzňelik syýasaty, onuň eksentrik we köp halatlarda ekzotik şahsyýet kultunyň döremegi we ösmegi sebäp boldy” diýip, synçy aýtdy.
Ýöne synçy, Nyýazowyň barha berkidilýän şahsyýet kultuna garamazdan, 1995-1996-njy ýyllara çenli özara gatnaşyklardaky maýylganlygyň azda-kände saklanandygyny belledi.
Esasy päsgelçilik wiza düzgüninden başlandyŞol döwürdädki gatnaşyklaryň iň möhüm tarapy bolsa, söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistandaky özbekler bilen Özbegistandaky türkmenleriň öz ata watanlaryna wizasyz baryp-gelip bilmegi bilen baglydy.
“...iki ýurduň arasynda otly, awtobus we uçar gatnawlar bardy. Türkmenistanyň özbek azlyklary şol wagt eýýäm möwç alyp başlan türkmenleşdirmeden häzirkisine garanda ep-esli az täsire sezewar bolýardy" diýip, ýurduň ykdysady pudagynda işlän pensioner hünärmen habarçymyz bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň pikirine görä, 1990-njy ýyllar, hususan-da 90-njy ýyllaryň birinji ýarymy türkmen-özbek maşgalalarynyň has köp gurlan wagty hökmünde taryha girdi.
"Garaşsyzlygyň ilkinji 5-6 ýylynda türkmen we özbek halklarynyň arasynda özara gyz alyp-gyz bermek has ýörgünlidi. Buharaly, hywaly, garşyly, nöküsli gelinler Lebapda we Daşoguzda seýrek ýagdaý däldi; çärjewli, kerkili, çarşaňňyly, daşhowuzly we köneürgençli gelinler Özbegistanda hem az däldi. Şol ýyllar özara medeni gatnaşyklar hem göwnejaýdy” diýip, daşoguzly pensioner, öňki pedagog belli özbek aýdymçysy Ohunjon Madaliýewiň "Türkmen gyzy" aýdymynyň iki doganlyk ýurduň halklary üçin ýakymly heňe öwrülendigini ýatlatdy.
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň köpüsiniň ynanjyna görä, özara gatnaşyklaryň peselmegine iki ýurduň arasynda çylşyrymly wiza düzgüniniň girizilmegi sebäp boldy.


Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan 1999-njy ýylda GDA döwletleriniň ählisi bilen arada wiza düzgünini girizdi.
“Özbegistanyň birinji prezidenti Yslam Karimow Saparmyrat Nyýazowyň çendenaşa gözçykgynç şahsyýet kultuny wagtal-wagtal tankyt edip başlady. 2002-nji ýylyň Sanjar wakasy iki ýurduň üçden bir asyrlyk diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda iň agyr we dartgynly ýagdaý boldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şonda, onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň Özbegistanyň çäginden Türkmenistana geçmegini bahana edip, milli howpsuzlyk işgärleri we esgerler Aşgabatdaky özbek ilçihanasyna basdyryp girdiler, Nyýazow Özbegistany terrorçylar diýilýänleri goldamakda aýyplady.
Synçylar iki ýurduň serhetleriniň şol wakadan soň tä 2004-nji ýylyň noýabryna çenli, Nyýazow we Karimow Buharada duşuşýança tas doly ýapyk galandygyny aýdýarlar.
“2004-nji ýylyň noýabrynda serhetýaka ýaşaýjylarynyň özara wizasyz, üç günlük baryp-gelmek mümkinçiligi baradaky şertnama gol çekilmegine garamazdan, iki ýurduň arasynda gatnaşyklar tä 2007-nji ýyla, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine gelýänçä dartgynly bolmagynda galdy” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Nyýazowdan soňky 'maýylganlyk'Türkmen-özbek döwletara gatnaşyklaryny ýakyndan synlaýan ýerli synçynyň pikirine görä, 2000-nji ýyllaryň başyndan başlap, Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklary dolulygyna ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndan üzňeleşdirildi, özbek dilinde okadylýan synplar ýapyldy, etniki özbekler hatda öz milli egin-eşiklerini köpçülik ýerlerinde geýmek hukuklaryndan hem mahrum edildi.
Söhbetdeşlerimiziň biri Türkmenistana durmuşa çykan özbegistanly gelinleriň köpçülikleýin ýurtdan çykarylyp kowulmagynyň, maşgalalaryň bozulmagynyň iň bir gynançly ýagdaýlaryň biri bolandygyny belledi.
Synçylar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda dörän sähelçe maýylganlygyň 2007-2013-nji ýyllara, Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji prezidentlik möhletiniň dowamynda we ikinji prezidentlik möhletiniň başlarynda göze ilendigini belleýärler.
“Şol döwürlerde iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy dikeldilipdi, özara ykdysady gatnaşyklar birneme gowulanypdy. Emma 2013-nji ýyl iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda öwrümli ýyl boldy. Şol ýylyň maýynda iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy ýatyryldy, güýzünde bolsa serhetýaka ýaşaýjylarynyň özara üç günlük wizasyz gatnawy ýatyryldy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Şunuň bilen, ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň pikirine görä, "türkmen-özbek gatnaşyklarynda adaty raýatlaryň bähbidini we durmuş reallygyny göz öňünde tutan az sanly düzgünler hem ýatyrylyp, iş ýüzünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dolulygyna diňe resmi, formal tekizlikde galdyryldy”.


Olar häzir ýönekeý raýatlar üçin sähelçe bähbitli bolan ýagdaýlaryň hem bir gyra süýşürilendigini, döwletara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygyň "gepleşik üçin gepleşik, duşuşyk üçin duşuşyk " formatyna dolulygyna geçirilendigini aýdýarlar.
Iki ýurduň arasynda gatnaşyklar, bir ýaşaýjynyň pikirine görä, Yslam Karimowyň prezidentliginiň soňky üç ýylynda durgunlylyk häsiýetine eýe boldy.
“Şol ýyllarda özara hyzmatdaşlyk, gatnaşyklar dolulygyna formal we az-kem bolmagynda galdy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze bir döwür, sähel maýylganlyk 2017-nji ýylda, Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň prezidenti wezipesine saýlananyndan soň başlandy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Täze saýlanan özbek lideri 2017-2018-nji ýyllarda bolan özara duşuşyklarda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarda anyk meseleleriň çözülmegi, uçar we awtobus gatnawlarynyň açylmagy barada öwran-öwran gürrüň edýärdi diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşuly bu döwürde özüniň iki ýurduňa arasynda boljak hakyky açylyşa has umytly garandygyny belledi.
Emma muňa garamazdan, başga bir raýatyň pikirine görä, iş ýüzünde, iki režimiň durnuklylygy üçin möhüm bolan söwda, ýangyç, energetika we oba hojalyk pudaklary boýunça belli bir derejede hyzmatdaşlyk ýola goýlan hem bolsa, özara ynanyşmagyň möhüm meseleleri bolan wiza düzgüniniň ýatyrylmagy, halk diplomatiýasy, medeni gatnaşyklar, özara ýolagçy gatnawlary meselelerinde garaşylan açyklyk bolmady, edilen tamalar çykmady.
'Gepleşik üçin gepleşik, duşuşyk üçin duşuşyk' “Gynançly ýeri, 2019-2024-nji ýyllarda Daşkent hem özara gatnaşyklarda dolulygyna diýen ýaly Aşgabadyň ulanýan usullaryna geçip, diňe gepleşik üçin gepleşik geçirmekden ýa-da serhet ýakasynda kiçiräk bir bazar gurmakdan aňryk geçip bilmedi” diýip, bir raýat aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe ýaşaýjynyň bellemegine görä, iki ýurduň ýolbaşçylary soňky 9 ýylyň dowamynda özara gatnaşyk meselesinde iki ýüzli syýasat alyp bardy.
"Aşgabat gatnaşyklary ösdürmek ýa-da üstaşyr ulag gatnawlaryna giň ýol açmak barada edýän howaýy gürrüňlerini öwran-öwran gaýtalasa-da, iş ýüzünde özbek telekeçileriniň Türkmenistana girmegine döredilen emeli päsgelçilikleri we wiza kynçylyklaryny aradan aýyrmaga gyssanmaýar" diýip, synçy aýtdy.


Mundan başga, medeni meseledäki gatnaşyklar hem çylşyrymly bolmagynda galýar.
“Daşkentde geçirilýän medeni duşuşyklara Özbegistanyň türkmen azlygynyň wekillerini resmi derejede çagyrylýar, emma Türkmenistandaky özbek azlyklary ýa-da olaryň çagalarynyň ene dilinde okamagy üçin özbek mekdepleriniň gerekdigi barada bir söz hem aýdylmaýar” diýip, synçy Daşkendiň hem Aşgabat bilen gatnaşyklarda iki ýüzli syýasat alyp barýandygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, Daşkent arap döwletleri, Karib deňziniň döwletleri, günorta-gündogar Aziýa döwletleri we ençeme beýleki ösen ýurtlar üçin birtaraplaýyn (ýagny ol döwletler özbek raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizmese hem) wizasyz gelip-gitmek ýa-da elektron wiza düzgünini girizýär, emma Türkmenistana we türkmenistanly özbeklere gezek gelende, "bu meselede Aşgabat ýoluny açanog-a, näme üçin biz birtaraplaýyn açmaly" diýýär.
Daşkent tarapynyň 'passiw çemeleşmesi'Söhbetdeşlerimiziň biri özbek resmileriniň türkmen resmileri bilen bolýan duşuşyklarynda Özbegistanda 44 sany türkmen mekdebiniň bardygyny, türkmen çagalarynyň öz dillerinde bilim alyp bilýändigini öwran-öwran ýatlatsalar-da, Türkmenistandaky özbek mekdepleri meselesini gozgamakdan saklanýandyklaryny belledi.
“...özüni açyklygyň, aýdyňlygyň tarapdary hasaplaýan Daşkent Kabul, Duşenbe, Astana, Bişkek bilen gatnaşyklarynda ol ýurtlar bilen Özbegistanyň arasynda döreýän kynçylyklary, meseleleri aç-açan boýun alýar we dile getirýär, emma Aşgabada gezek gelende, Türkmenistan bilen aradaky problemalaryň hiç biri agzamazlyga çalyşýar" diýip, syýasy synçy aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri Özbegistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň, açyklygyň azlygyny Daşkent tarapynyň passiw çemeleşmesi ýa-da çakdanaşa hüşgärligi, seresap bolmagy çalyşmagy bilen baglanyşdyrýar.
“Aşgabadyň bar bolan meseleleriň ählisini ýok edip görkezmegi, öz-özüni aldamaga, diňe duşuşyk üçin geçirilýän duşuşyklarda gaýtalaýan howaýy gürrüňlerine duwlanmagy indi hiç kim üçin täzelikdäl. Ýöne Daşkent bu meselede dymmagy saýlap, iş ýüzünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň durşuna boş we howaýy gürrüňler derejesinde saklanmagyna itergi berýär. Netijede, iki tarap hem zyýan çekýär, taryhy we il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi gijikdirilýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ykdysatçy aýtdy.


Ikinji tarapdan, özbek resmileriniň soňky 1-2 ýylda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan problemalary dile getirip başlandygyny aýdýan synçylar hem bar.
“Wiza meseleleri, gaz üpjünçiliginiň kesilmegi, özbek sürüjileri üçin döredilýän wiza we gümrük kynçylyklary ýaly iň bir ýönekeý ykdysady problemalar ahyry Daşkent tarapyndan dile getirilip başlandy” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Ýöne ol bu meseleleri iki ýurduň arasyndaky problemalaryň diňe ýüzden ýa ondan biri diýip bilýär.
Galan syýasy we sosial meseleler, şol sanda adaty raýatlaryň wizasyz gelip-gitmek mümkinçiligi, özara ýolagçy gatnawlary, Türkmenistandaky özbek we garagalpak azlyklarynyň mekdep, dil we medeni hukuklary, Özbegistandaky türkmen azlygynyň Türkmenistana gelip-gitmegi ýaly möhüm we agyr meseleler indi 33 ýaly bäri çözülmän gelýär diýip, türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýakyndna syn edýän syýasy synçy habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Azatlyk ýerli synçylaryň we pikirini aýdan beýleki raýatlaryň atlaryny, ýaşaýan ýerlerini howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar we bu meseleler barada pikirini aýtjaklar üçin mikrofonlarynyň açykdygyny ýatladýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus