Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ, Milli gwardiýanyň esgerlerine edilen hüjümden soň, owgan raýatlarynyň bosgunlyk haýyşlaryna seretmegi togtadýar

ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy (USCIS) owgan raýatlary üçin ähli immigrasiýa meselelerine seretmegi näbelli bir möhlete çenli togtadýandygyny yglan etdi diýip, “Fox” neşiri habar berýär.

USCIS-iň beýanatynda aýdylmagyna görä, ähli immigrasiýa haýyşlary boýunça alnyp barylýan işler "näbelli bir möhlete çenli, howpsuzlyk we barlag protokollary mundan aňryk, gaýtadan gözden geçirilýänçä" togtadylýar.

Bu beýanat ABŞ-nyň esasy baýramçylyklarynyň biriniň, “Thannksgiving”, Sagbolsun gününiň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda Waşingtonda, Ak Tamdan birnäçe kwartal uzaklykda, Milli gwardiýanyň iki esgeri köçelerde gözegçilik edýän wagtynda tüpeňlenip, agyr ýaralanyndan soň edildi.

Güman edilýän çüňküň aňyrsyndan çykdy-da, “olary gabady" diýip, Waşington şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýa başlygynyň kömekçisi Jeff Kerroll aýtdy. Milli gwardiýanyň esgerleri agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi.

Güman edilýän tussag edildi we ol hem ok ýarasyny aldy.

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk departamenti onuň owgan raýatydygyny, "2021-nji ýylda amerikan goşunlary Owganystandan çykarylandan soň, “barlanmazdan we köpçülikleýin Birleşen Ştatlara goýberilen köp sanly adamlaryň biridigini" habar berdi.

Şol wagt ABŞ häkimiýetleri Owganystanda ABŞ bilen ozal hyzmatdaşlyk eden we "Talybanyň" häkimiýete gelmegi netijesinde howp astynda galan müňlerçe owganyň ýurda girmegine rugsat beripdiler.

Tramp administrasiýasy öň bu adamlaryň degişli derejede barlanylmandygyny we olaryň arasynda terrorçy toparlaryň agzalarynyň ýa-da radikal ideologiýalaryň tarapdarlarynyň bolmagynyň mümkindigini birnäçe gezek öňe sürüpdi.

“Roýters” agentliginiň habaryna görä, hüjümçi 29 ýaşly owgan raýaty we onuň hereketiniň mümkin bolan sebäpleri aýdylmaýar. Ol 2024-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-dan gaçybatalga sorap ýüz tutupdyr we onuň arzasy Donald Tramp wezipä girieninden üç aý soň, 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde tassyklanypdyr.

Agentlik şübheliniň jenaýatçylykly geçmişiniň ýokdugyny habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus