Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dabara bilen açylan türkmen-özbek söwda zolagynyň türkmen tarapy ýapyklygyna galýar

Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylanyna bäş gün boldy. Muňa garamazdan, türkmen tarapy söwda merkeziniň heniz taýyn däldigini aýdyp, bazary işe girizmeýär we türkmen raýatlaryny söwda zolagyna goýbermeýär. Bu ýagdaý serhetýaka Daşoguz welaýatynyň ençeme ýaşaýjysynda nägilelik döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Adamlar bazara geçmek üçin her gün gümrük postuna barýarlar. Postdaky türkmen resmileri bazaryň heniz taýýar däldigini, 1-nji ýanwardan işläp başlajakdygyny aýdýarlar we oňa hiç kimi goýbermeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky "Şabat" serhet geçelgesinde gurlan bazar türkmen we özbek prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda 17-nji noýabrda açyldy.

Türkmen metbugatynyň maglumatlarynda açylyş dabarasyna iki tarapyň hökümet resmileri bilen bir hatarda, ýüzlerçe adamyň gatnaşandygyny, aýdym-sazly we näzi-nygmatly dabaranyň geçirilendigini görse bolýar.

Bu barada hökümetçi neşirler hem habar berip, serhetýaka söwda zolagynyň esasy maksadynyň özara haryt dolanyşygyny artdyrmakdan, milli önümleri öňe sürmekden we iki ýurduň telekeçilerine goldaw bermekden ybaratdygyny mälim etdiler.

"Mamasyny 20 ýyl bäri görmeýär"“Iki döwletiň raýatlary serhetýaka söwda zolagyna wiza talap etmezden girip bilerler. Söwda zolagynyň meýdany jemi 6 gektar bolup, onuň 3 gektary Türkmenistanyň, 3 gektary bolsa Özbegistanyň çäginde ýerleşýär. Ol 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda açyldy” diýip, “Takyk” neşiri 19-njy noýabrda habar berdi.

Bu maglumatlara garamazdan, söwda zolagynyň türkmen tarapy heniz-de ýapyk bolmagynda galýar. Bu maglumaty Instagram we TikTok sosial ulgamlarynda bazar barada yzygiderli maglumat çap edýän özbek bloggerleri hem tassyklaýarlar.

Jasur Ýoldaşew atly blogger çap eden maglumatynda özbek raýatlarynyň wizasyz, diňe biometriki pasportlary bilen gelip, söwda zolagynyň girelgesinde hasaba alnyp, bazara girip başlandygyny aýtdy.

Türkmenistanda raýatlar biometriki pasport almakda ýyllarboýy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Galyberse-de, Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda kowçum bolup ýaşaýan etniki özbekleriň serhetden geçip, Özbegistandaky dogan-garyndaşlaryny görmek meselesinde hem yzly-yzyna dürli kynçylyklar döreýär. Türkmen serhetçileri tarapyndan goýberilmedik türkmen raýatlary barada Azatlygyň habarçylary onýyllyklaryň dowamynda habar berip gelýärler.

Bazara baran özbek raýatlarynyň biri “Otojon19911” atly özbek bloggeri bilen söhbetdeşlikde bazaryň türkmen tarapynyň ýapyklygyna galýandygyny, ýöne onuň tiz wagtda açylyp, munuň onlarça ýyl bäri biri-birini görüp bilmeýän serhediň iki tarapyndaky dogan-garyndaşlaryň didarlaşmak zolagy bolmagyny umyt edýändigini belledi.

“Daşoguzdan gelin aldyk. Ol 20 ýyl bäri öýüne geçip bilmeýär. Mamasyny 20 ýyl bäri görmeýär. Ol ilki size görüp geliň diýdi. Inşallah ertir şu ýer açylsa, irden 9-dan 6-a çenli girip bolýar eken. Şeýdip geçip, olar inşallah bir-biriniň didaryna doýarlar” diýip, özbegistanly zenan aýtdy.

"Görkezmelik açylan bazaryň ýakynda işlejegi ikiuçly"Özbegistanyň prezidentiniň erkin söwda zolagyny döretmek barada 2024-nji ýylyň fewral aýynda gol çeken permanynda türkmen raýatlaryna we daşary ýurtlulara bu zolakda wizasyz 15 güne çenli galmaga mümkinçilik beriljegi aýdylypdy.

Muňa garamazdan, türkmen tarapy türkmenistanlylary bazaryň özbek tarapyna hem goýbermeýär. Häzirki wagtda bazaryň özbek tarapyna diňe özbegistanlylar barýar.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýakyndan syn edýän ýerli synçylaryň birnäçesi anonimlik şertinde beren maglumatynda bazaryň türkmen tarapynyň ýakyn aýlarda açylmajakdygyny çaklaýar.

“Türkmen tarapy bu serhetýaka bazary, hamala, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, dostlukly gatnaşyklar ösýän ýaly edip görkezmek üçin diňe “görkezmelik” gurady. Bazaryň özbek tarapy öz güýjünde işlese-de, onuň türkmen tarapynyň halklara hyzmat etjekdigi juda ikuçly. Ýogsam, adamlar bu zolakda esasan serhediň beýleki tarapyndaky, dürli sebäpler bilen ýyllarboýy görüp bilmeýän dogan-garyndaşlaryny görmek üçin peýdalanmagy göz öňünde tutýardylar” diýip, ýerli synçy belledi.

Bu ýagdaý diňe türkmenistanlylary däl, eýsem, özbek raýatlarynyň ençemesini hem lapykeç edýär.

Instagram we TikTok sosial ulgamlarynda paýlaşylýan wideolaryň ençemesinde bazaryň türkmen tarapynda söwda etmegi ýa-da Türkmenistandaky garyndaşlary bilen didarlaşmagy umyt edip, zolaga baran adamlaryň nägile çykyşlaryny görse bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar, şol sanda bazaryň türkmen tarapynyň ýapykdygy, şeýle-de türkmenistanlylaryň bu söwda zolagynyň özbek tarapyna hem goýberilmeýändigi baradaky habarlar hakda häzirlikçe hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda "Şabat" serhet geçelgesindäki türkmen resmilerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen 1650 kilometrlik döwlet serhedinde dört serhet geçelgesi bar. Olar Türkmenistanyň Lebap hem Daşoguz welaýatlarynda we Özbegistanyň Horezm, Buhara hem Garagalpagystan sebitlerinde ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus