Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ankarada Sahatow bilen Orusowyň halkara goragyndan mahrum edilmegine garşy sud diňlenişigi geçiriler

2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Ankarada kazyýet türk häkimiýetleriniň Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowy halkara goragyndan mahrum etmek baradaky kararyna garşy diňlenişik geçirer diýip, adam hukuklaryny gorýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Bu diňlenişigiň geçiriljek senesi aktiwistler şikaýat edeninden birnäçe aý soň bellendi.

Mundan öň, 23-nji oktýabrda Ankarada 26-njy Administratiw kazyýetiň iki türkmen bloggeriniň Türkiýäniň Immigrasiýa müdirligine garşy şikaýaty esasynda, deportasiýa işi boýunça diňlenişik geçirildi. Kazy bu iş boýunça bir-iki aýyň dowamynda gutarnykly karar çykarar.

Şu aralykda, Türkmenistanyň adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowanyň Alişeriň hossarlarynyň sorgayna jogap berendigi belli boldy. Gazna resmi jogabyň türkmençeden rusça terjimesini çap etdi.

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Alişer Sahatowyň Türkmenabatdaky hossarlarynyň haýyşyna olaryň Ombudsmene ýüz tutmazlaryndan öň, ýerli kanunlar esasynda, ilki bilen degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga hukuklarynyň bardygyny düşündirmek bilen, başga hiç bir zat aýtman jogap beripdir.

39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus