Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew “Azerbaýjan Howaýollarynyň” geçen ýylyň 25-nji dekabrynda Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçramagyna “Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň jogapkärdigini” aýtdy.
Alyýew 6-njy ýanwarda uçar ekipažynyň betbagtçylykdan aman galan agzalary we wepat bolanlaryň garyndaşlary bilen duşuşdy. Onuň 6-njy ýanwarda eden çykyşy Azerbaýjanyň prezidentiniň web sahypasynda çap edildi.
Alyýew uçar heläkçiliginiň Bakuwdan Çeçenistanyň paýtagty Grozna uçup baryp, gonmaga synanyşanda rus howa goragy serişdeleriniň eden işi netijesinde bolandygyny ozal hem aýdypdy.
Azerbaýjanyň prezidenti täze çykyşynda hereketleri "bu heläkçilikde azerbaýjan raýatlarynyň ölümine sebäp bolan" günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.
"Biz adalatlygy talap edýäris, bizi günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap edýäris, biz aç-açanlygy talap edýäris" diýip, ol nygtady.