Добавить новость

Поводок найдется: владельцев животных планируют наказывать за смерть человека

«Как любить тебя»: весенняя поп-премьера песни и клипа от ЭЛиПС

«Родина» разгромила «Аланию»

Подростки завладели ЗАЗ и катались по Брянску, их ловили два экипажа ДПС

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň çetindäki oba ýaşaýjylary zir-zibilleri özleri ýok etmeli bolýarlar

Paýtagtyň çetindäki ýaşaýyş ýerleriniň ençemesinde zir-zibilleri taşlamak üçin ýörite ýerler we arassalanýan çelekler göz öňünde tutulmandyr. Ýerli ýaşaýjylar öz hojalyklaryndaky zibilleri ýygnap, olary ýok etmek üçin özleri çäre gözleýärler.


Ýaşaýjylar zir-zibillerini taşlamak üçin özbaşdak ýer gözlemeli bolýarlar, käbirleri ilatly ýerleriň gyrasyna eltip, üýşürýän bolsalar, beýlekiler awtoulaglaryna ýükläp, daşrak ýerlere alyp gidýärler we çola ýerde gömýärler ýa-da taşlap gaýdýarlar.


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň bu barada berýän maglumatyna görä, bu ýagdaý paýtagtyň gyrasyndaky obalaryň ençemesine degişli.




"Hojalyklaryndaky zir-zibiller taşlanýan çelekleriň we ýerleriň asla göz öňünde tutulmandygy sebäpli oba ýerleriniň ýaşaýjylary zibillerini öz ulaglarynda daşamaly bolýarlar" diýip, paýtagtyň golaýyndaky obalaryň biriniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen paýtagtlylaryň we oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, zibil üçin ýörite ýerleriň bolmazlygy uly meselä öwrüldi. Üýşüp ýatan hapalary her ýerde görmek mümkin.


"Hojalyklar öz zir-zibillerini hususy ulaglaryna ýükläp, obanyň çetine, çem gelen ýerlere, ýoluň gyralaryna hatda açyk öri meýdanlara taşlaýarlar" diýip, ýene bir oba ýaşaýjysy gürrüň berýär.


Zibilleriň çem gelen ýere taşlanmagy hapaçylyk we erbet ys döretmekden başga-da mallara how salýar.


"Taşlanan zir-zibiliň içinden çykýan plastik paketleri iri we ownuk öý mallary ýuwudýar. Mallaryň aşgazany plastigi özleşdirip bilmeýär. Mallar hassa bolýar. Mal eýeleri wagtynda ýetişmese haram ölýän mallar hem bolýar" diýip, obaly ýaşaýjy öz tejribesini paýlaşdy.


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, zir-zibil problemasy paýtagtda hem welaýatlarda kadaly çözülmän gelýär.


Welaýatlarda zibil ýygnamak üçin ýörite ýerler esasan welaýat merkezlerinde duş gelýär, emma olar hem wagtynda arassalanmaýar.


Oba ýerlerinde zibilleri guramaçylykly ýygnamak we ýok etmek üçin infrastruktura köplenç göz öňünde tutulmaýar.


Azatlygyň welaýatlardaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, oba ýerlerinde çüýreýän zir-zibiller topragy, howany zaýalaýar we adamlaryň saglygyna howp döredýär.


Habarçymyz häkimiýetleriň meselä ýeterlik üns bermeýändigini, oba ilatynyň hem bu ýagdaýa öwrenişip, onuň döredýän howpuna kem baha garaýandygyny belledi.




"Oba ýerleriniň ýaşaýjylary hapa lagym suwlaryny melleklerine-de akdyrýarlar. Şol sebäpden käwagt hojalyklarda ýokanç keseller ýaýrap başlaýar. Bir hojalykda birnäçe adamyň zäherlenip, ölüm bilen guratýan ýagdaýlary hem seýrek däl. Şeýle bolan halatynda kesellere garşy gullukdan işgärler gelip, infeksiýany zyýansyzlandyrýan dermanlary sepip gidýärler" diýip, habarçymyz lukmanlara we san-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerine salgylanyp aýdýar.


Türkmen häkimiýetleri zir-zibilleri ýygnamak we ýok etmek meselesini gozgamaýarlar. Ilatly ýerleriň arassaçylyk we epidemiologiýa ýagdaýyna degişli resmi maglumatlar hem köpçülige elýeterli däl.


Emma resmi maglumatlarda töwerek-daşy goramagyň döwlet derejesinde ileri tutulýan meseledigi yzly-yzyna habar berilýär, ýöne ilatyň durmuşyna gönüden-göni täsir ýetirýän takyk işler agzalmaýar.


Şeýle-de, Türkmenistanda nebit-gaz, kaliý we himiki serişdeleriň önümçiligi, şeýle-de oba hojalygynda ulanylýan zäherli dökünler ilatly ýerleriň ekologiýa şertlerini ýaramazlaşdyrýar.


"Bloomberg", "Guardian" neşirleri Türkmenistanyň soňky ýyllarda dünýäde iň uly “metan syzdyryjy” bolandygyny habar berdi.


Soňky ýyllarda Türkmenistanda tupan, çägeli ýel, duzly ümür ýaly adaty bolmadyk tebigy hadysalar hem köpeldi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

150 тысяч человек теперь сядут без работы: чем грозит падение авторынка России

Двойной Мартинс: как «Спартак» обыграл «Зенит»

Поводок найдется: владельцев животных планируют наказывать за смерть человека

Московский «Спартак» впервые с ноября 2017 года обыграл питерский «Зенит»

Музыкальные новости

Тату-мастер заявил, что 57-летний Филипп Киркоров страдает «синей болезнью»

В России появился новый добротный кроссовер Hyundai по очень привлекательной цене

Путин пригласил Мадуро в Москву на 80-ю годовщину Победы

Дубль Мартинса принес "Спартаку" первую за 7 лет победу над "Зенитом"

Новости России

150 тысяч человек теперь сядут без работы: чем грозит падение авторынка России

«Как любить тебя»: весенняя поп-премьера песни и клипа от ЭЛиПС

Двойной Мартинс: как «Спартак» обыграл «Зенит»

В Мурманске прошел ежегодный VII Открытый турнир по интеллектуальным играм «Кубок Арктики»

Экология в России и мире

это строка мета тайтл - заполненные данные реальные

Когда цветет сакура в Японии

Уринотерапия и ее адепты — краткая история лечения «живой водой»

это строка мета тайтл - заполненные данные реальные

Спорт в России и мире

Андреева обыграла Соболеву и победила в финале WTA в Индиан-Уэллсе

«Мне на это плевать». Бублик сцепился с соперником после матча в США. Видео

Российский теннисист Медведев вышел в полуфинал турнира ATP

Тарпищев: Андреева повзрослела, ей по силам быть в пятёрке рейтинга WTA в этом году

Moscow.media

«Деловые Линии» получили статус «Партнер национальных проектов России»

Отделение СФР по Москве и Московской области проактивно открыло свыше 178 тысяч СНИЛС новорожденным

Телефонные мошенники отомстили 89-летнему пенсионеру, не поддавшемуся на их «развод»

Паводок угрожает подтоплением десятков населенных пунктов Свердловской области











Топ новостей на этот час

Rss.plus






150 тысяч человек теперь сядут без работы: чем грозит падение авторынка России

Московский «Спартак» впервые с ноября 2017 года обыграл питерский «Зенит»

Синоптик не исключил возврата холодов в конце марта – начале апреля

Двойной Мартинс: как «Спартак» обыграл «Зенит»