Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 29-njy dekabrda AzTV kanalynyň soraglaryna jogap berdi. Neşir bu söhbetdeşligi Heýdar Alyýew adyndaky halkara howa menzilinde ýazgy etdi.
“Azerbaýjan Howaýollarynyň” uçarynyň Aktauda heläkçilige uçramagy barada gürrüň edip, "Russiýa tarapy bu meseläni bassyr-ýussur etmek isleýär we bu, elbetde, hiç kime abraý getirmeýär" diýip, Alyýew aýtdy.
Alyýew "biziň uçarymyz bilkastlaýyn urulmady" diýip nygtady.
“Öz günäňi boýun almak, dostlukly ýurt hasaplanýan Azerbaýjandan öz wagtynda ötünç soramak we muny jemgyýetçilige ýetirmek - bularyň hemmesi görülmeli çäreler we ädilmeli ädimlerdi. Gynansagam, ilkinji üç günüň dowamynda Russiýadan bolgusyz gürrüňlerden başga hiç zat eşitmedik" diýip, Trend.az neşiri Azaerbaýjanyň prezidentiniň sözlerine salgylanyp ýazýar.
Kreml 28-nji dekabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “Azerbaýjan Howaýollarynyň” uçarynyň heläkçiligine uçramagy bilen baglylykda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewden ötünç sorandygyny habar berdi.
Habarda Putiniň Russiýanyň howa giňişligindäki “pajygaly waka” üçin ötünç sorandygy we ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirendigi aýdylýar.