Başar al-Asad režimi agdarylanyndan soň, Türkiýe Siriýa bilen araçäkde ýerleşýän goşun bölümleriniň sanyny artdyrýar.
Birleşen Ştatlar Türkiýäniň Siriýada ABŞ-nyň “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk edýän kürt güýçleriniň gözegçiligindäki territoriýa goşun sürmeginden ätiýaç edýär diýip, "Wall Street Journal" gazeti çeşmelere salgylanyp ýazýar.
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň sözlerine görä, Kobani (Aýn al-Arab) töwereginde türk ýörite güýçleriniň bölümleri, Siriýanyň Türkiýe tarapyndan goldanýan ýaragly söweşijileri, köp sanly artilleriýa toplanýar.
Kobani, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän şäher häzir kürt güýçleri tarapyndan dolandyrylýar. WSJ bilen gürleşen amerikan resmileriniň biri Türkiýäniň goşun girizmeginiň "gutulgysyzdygyna" ynanýar, ýöne entek munuň geriminiň belli däldigini aýdýar.