Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, “özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp”, türkmen tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýdypdyr.
Türkmen ýolbaşçylarynyň Igor Bukato bilen gçirýän duşuşyklary barada yzygiderli habar berilýär.
Mysal üçin, Serdar Berdimuhamedow Bukato bilen 2022-nji ýylyň martynda geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygyň “uly tejribesinden” kanagatlanma bildirdi.
Şol wagt bu kompaniýanyň Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalary gurýandygy aýdyldy.
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, 2023-nji ýylyň martynda Bukatonyň Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygy baradaky hasabatyny diňledi.
Şol ýyl rus kompaniýasynyň soňky 10 ýylda Türkmenistanda 1,5 milliard dollara barabar ýol-ulag desgalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirendigi aýdyldy.
“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölümi 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda açyldy.
Bu kompaniýanyň 50 kilometrden gowrak birinji derejeli awtoulag ýoluny, 18 sany ýol çatrygyny, köprülerini öz içine alýan 25-den gowrak infrastruktura desgasyny gurup, ulanmaga berendigi aýdylýar.
“Wozroždeniýeden” başga, Türkmenistanda Russiýanyň “Gazprom”, “KamAZ”, “Tatneft” ýaly birnäçe kompaniýasynyň üstünlikli işleýändigi aýdylýar.
Türkmenistan daşary ýurt gurluşyk kompaniýalaryna berilýän gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy, bu işlere çekilýän türkmenistanly işçiler we olaryň alaýan aýlyklary barada anyk maglumat bermeýär.