Türkmenistan daşary ýurtlardan import edilýän çilimlere we beýleki temmäki önümlerine goýlan aksiz nyrhlaryny ýokarlandyrdy, bu indi, her gutusy 7,81 dollardan arzan bolmasa, çilimiň gümrük bahasynyň 181,25% -ini düzer.
Bu ýokarlanyş Salgyt kodeksine girizilen üýtgetmeler bilen düşündirilýär.
Resminamanyň teksti "Bitarap Türkmenistan" gazetinde çap edilipdir.
Beýleki temmäki önümleriniň aksiz salgytlarynyň hem her kilogramynyň 30,5 dollardan 38,13 dollara çenli ýokarlandyrylandygy aýdylýar.
Bu kanun 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolmak maksatnamasyny kabul etdi.
Emma muňa garamazdan, çilim we temmäki önümleri, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri häkimiýete ýakyn adamlaryň gowy girdejili biznesi bolup, çilimini goýup bilmeýän adamlaryň maşgalalaryna örän uly agram salýar.