Başar al-Asadyň rehimsiz režiminiň synmagy bilen, Ysraýylyň Siriýanyň harby desgalaryna urýan üznüksiz zarbalary baradaky habarlaryň arasynda, 10-njy dekabr güni irden Damaskda güýçli partlama sesleri eşidildi.
Düýbi Angliýada ýerleşýän uruş gözegçisi, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 10-njy dekabrda, ysraýyl goşunlarynyň basylyp alnan Golan belentliginiň golaýyndaky bufer zona ýerleşdirilen wagtynda çap eden beýanatynda Ysraýylyň Siriýadaky iň möhüm harby meýdançalary weýran edendigini aýtdy. Ysraýyl hökümeti Asad ýykylandan soň gören çärelerini “howpsuzlyk” aladalary bilen düşündirdi.
Obserwatoriýa Ysraýylyň soňky iki günde, bu ýurduň harby kuwwatyny ýok etmek maksady bilen, "Siriýanyň çägine 250 töweregi howa zarbasyny" urandygyny aýtdy.
"Ysraýyl Siriýanyň howa menzillerini we ammarlaryny, uçar eskadronlaryny, radarlaryny, harby signal stansiýalaryny we dürli ýerlerde Siriýanyň hökümetine degişli bolan köp sanly ýarag we ok-däri ammaryny ýok etdi" diýip, obserwatoriýanyň beýanatynda aýdylýar.
Bu habar premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň Ysraýylyň "Ýakyn Gündogaryň keşbini üýtgedýändigini" we öz ýurdunyň duşmanlaryny, öz sözleri bilen aýdylanda, "öz boýunlaryna dakylan ekzistensial urşy" "ädimme-ädim" ýeňýändigini aýtdy.