Türkmen jemgyýetçiligi post-sowet giňişlikde bolup geçýän iki waka barada pikir alşyp, bu wakalaryň içerki syýasatdaky ýaňyna diň salmaga çalyşýar. Özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' we Gürjüstanda dowam edýän protestler türkmenleriň arasynda gyzykly pikir alyşmalaryň baş temasyna öwrülýär.
“Özbegistanda prezident we onuň giýewisiniň arasynda açyk aýdylmaýan ‘wezipe dawalary’ türkmenleriň arasynda gyzyklanma döredýär, bu wakalar türkmen reallyklary bilen deňeşdirilýär” diýip, daşoguzly çeşmeler aýdýar.
“Gruziýada halkyň öz geljegi we demokratik ösüş ugrunda dowam etdirýän protestleri türkmen ilatynyň arasynda uly goldaw tapýar” diýip, aşgabatly we balkanly intelligensiýa wekilleri aýdýar.
Özbegistanda häkimiýetler tarapyndan aç-açan aýdylmaýan, ýöne synçylar tarapyndan ‘birinji maşgalanyň öz içindäki häkimiýet dawalaryna çalym edýän wakalar’ hökmünde häsiýetlendirilýän soňky hadysalar, hususan-da, türkmen-özbek serhedine golaý sebitlerde, şol sanda Daşoguz welaýatynda býujet işgärleriniň arasynda özara pikir alyşmalaryň baş temasyna öwrülýär.
Ýatlasak, Özbegistanda 27-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan bir gün öň, prezident Şawkat Mirziýoýewiň gyzy Saida Mirziýoýewanyň syýasy egindeşi, sentýabr aýynda prezidentiň diwanyndaky wezipesinden çekilen Komil Allamjonowyň münüp barýan Range Rover kysymly awtoulagy paýtagt Daşkenetde näbelli adamlar tarapyndan oka tutuldy. Allamjonow we sürüji hüjümde aman galdy, ýöne bu waka özbek prokuraturasy tarapyndan adamyň janyna kast etmek synanyşygy hökmünde derňelip başlandy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ýokary wezipeli ençeme çeşmesi soňky aýlarda Allamjonow bilen prezidentiň ikinji gyzy Şahnoza Mirziýoýewanyň adamsy Otabek Umarowyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramaz bolandygyny aýtdylar.
Bu wakalar boýunça gürrüňler heniz ýatyşmanka, Şawkat Mirziýoýew 23-nji noýabrda ýurduň howpsuzlyk gullugynda möhüm kadr çalşygyny geçirdi. Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy täzelendi, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri hökümetde, içeri işler ministrliginde hem azyndan bäş sany ýokary wezipeli adamyň çalşyrylandygyny aýtdylar.
Bu habarlaryň arasynda, prezidentiň täsirli giýewisi Otabek Umarowyň Özbegistany terk edendigi habar berildi.
Bu wakalaryň arasynda mümkin bolan arabaglanyşygy Özbegistan ýaly ýapyk ýurtda aýdyňlaşdyrmak aňsat däl, ýöne wakalaryň yzygiderliligi synçylarda käbir soraglary döretdi.
2017-nji ýylda prezidentiň metbugat gullugyna bellenen Allamjonow Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmeginden soňra Özbegistana aralaşan ‘syýasy maýylganlyk’ bilen asossirlendi. Bu bolsa, synçylara görä, demir ýumruk bilen dolandyrylýan ýurduň repressiw syýasatyna öwrenişen howpsuzlyk edaralary tarapyndan oňlanmady.
Özbek häkimiýetleriniň ‘maşgala dawalary’ türkmen jemgyýetçiliginde Berdimuhamedowlar maşgalasynda ‘mümkin bolan agzala ýagdaýlar’ boýunça käbir soraglary döretdi.
Çeşmelere görä, il arasyndaky pikir alyşmalarda prezident Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetde ‘bölekleýin reformalara ymtylmagy’, demikdiriji syýasy propagandany ‘halk diline golaýlatmaga çalyşmagy’, ýöne prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bolsa, şeýle tagallalar bilen ylalaşman, syýasy doňaklygy ‘has-da berkitmegi saýlap almagy’ ýaly ýagdaýlar barada gürrüňler gozgalýar.
Şol bir wagtda, pikir alyşmalara görä, prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen syýasatynda ‘ýegenleriň eden-etdilikli täsirini’ hem aradan aýyrmaga çalyşýar. Türkmen jemgyýetçiliginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleri täsirli oýunçylar hasaplanýar.
Şeýlelikde, özbek elitasynyň ‘maşgala dawalary’ türkmen elitasynyň ‘maşgala gatnaşyklary bilen bagly ýagdaýlaryň’ has ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylmagyna getirdi.
“Ýöne bu myş-myşlaryň kim tarapyndan we näme maksat bilen ýaýradylýandygy doly anyk däl” diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Özbegistan babatynda-da, Türkmenistan babatynda-da dolandyryjy gatlakda bolup geçýän wakalary açyk we aýdyň anyklaşdyrmak, bu wakalary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak aňsat däl.
Beýleki bir post-sowet ýurtda, Gürjüstanda indi birnäçe gün bäri köpçülikleýin protestler dowam edýär.
Bu ýurtda 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda häkimiýet başyndaky “Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň yglan eden ýeňşiniň “galplyk we rus operasiýasy” hasap edilmeginiň yz ýany köpçülikleýin protestler ýaýbaňlanyp başlady. Bu partiýa rus kanunçylygyna meňzeş “daşary ýurt agentleri” kanunyny ileri sürüpdi, Ýewropa Bileleşigine ymtylýan ýurduň agzalyk gepleşiklerini 2028-nji ýyla çenli togtatdy. Munuň yz ýany, ýurt boýunça protestler has-da tutaşdy.
Oppozisiýa we Günbatar hökümetleri rus täsiriniň hem-de düzgün bozmalaryň bu saýlawlara kölege salýandygyny aýtdylar. Gürjüstanda garaşsyz döwlet instituty bolan prezidentiň edarasy hem saýlaw netijelerini özüniň ykrar etmeýändigini aýtdy.
"Gruziýada halkyň öz geljegi we demokratik ösüşi üçin protest çärelerini geçirmegi Türkmenistanyň ilatynyň arasynda hem uly goldaw tapýar. Adamlar nähilem bolsa, bu protestleriň halky we jemgyýeti aýaga galdyrmakda we raýat jemgyýetiniň sesini eşitdirmekde uly rolunyň bardygyny belleýärler” diýip, synçylar aýdýar.
Gürjüstandaky protestler, synçylara görä, türkmen giňişliginiň esasan aň-düşünje öwrülişigine goşant goşýar.
“Şeýle pikir alyşmalar türkmen halkynyň erkinlige we erkin pikire bolan teşneliginiň heniz synmandygyny, ýurtda 30 ýyl bäri dowam edýän doňakçylygyň halkyň adalata bolan isleglerini we hyjuwlaryny söndürip bilmändigini aňladýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri we elektron neşirler şeýle halkara wakalar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.