29-30-njy noýabrda Aşgabadyň “Mukamlar köşgünde” Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde fransuz aýdymçysy Şarl Aznawuryň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň konserte tomaşa eden habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi.
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde gurnan konsert çäresi iki gün dowam etdi.
1924-nji ýylyň 22 -nji maýynda doglan aýdymçy 2018-nji ýylyň 10-nji oktýabrynda Parižde 94 ýaşynda aradan çykdy. Eger ol dünýäden ötmedik bolsady, bu ýyl 100 ýaşaýardy.
Habarçymyz fransuz aýdymçysy, şahyry, kompozitory we asly ermeni kino aktýory Aznawuryň hatyrasyna gurnalan konserte paýtagtlylaryň köpüsiniň uly gyzyklanma bildirendigini aýtdy.
“Sosial ulgamlarda köp adam ‘goşmaça bilet’ sorady. Tutuş zal tomaşaçylardan doludy. Konserte dürli ilçihanalaryň wekilleri hem gatnaşdylar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Konsertde aýdymçylar Bahar Durdyýewa, Maýsa Nyýazowa, Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow, Şasenem Guwerne we kamera hory fransuz we rus dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.
“Türkmenistan Altyn Asyr” neşiriniň maglumatyna görä, bu meşhur aýdymçydan 1000-den gowrak aýdym galdy. Konsertde olaryň 18-si aşgabatly tomaşaçylar üçin ýerine ýetirildi.
“Konserte Maýsa Nyýazowa başlady. Ol aýdymlaryň sekiz sanysyny ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda “Sen we men”, “Men eýýäm özümi gördüm” ýaly aýdymlar bar” diýip, 30-njy noýabrda geçirilen konserte gatnaşan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýöne ol tomaşaçylaryň esasanam “Baky söýgi” we “Iki gitara” aýdymlary ýerine ýetirilende has-da uly lezzet alandyklaryny belleýär.
“Zaldaky tomaşaçylar aýdymlara çapak çalyp, ritm tutup işjeň goldaw berdiler, hususan-da aýdymyň gaýtalama setirlerini aýdymçy bilen bilelikde aýtdylar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz sahnadaky wideoşekillerde Şarl Aznawuryň çagalyk döwründen garrylyk çagyna çenli suratlaryň görkezilendigini hem aýtdy.
“Bahar Durdyýewa ‘Aýallaryň ýedi ýüzi’ atly aýdymy iňlis dilinde solo ýerine ýetirdi. Döwran Şammyýew hemişeki ýaly janköýerler tarapyndan şatlyk bilen garşylandy. Ol ‘Mundan beýläk’, ‘Sen meni söýeniňde’ we ‘Entek düýn’ ýaly aýdymlary aýtdy” diýip, habarçymyz belledi.
Ol konsertiň dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň ählisiniň arasynda iň ýakymly duýgulary döredendigini olaryň ýüzlerinden aňsa bolandygyny hem aýtdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli saz muşdaklary ýurtda diňleýjileriň göwnünden turaýjak konsertdir-şowhunly dabaralaryň çäkli möçberde geçirilýändigini aýdýarlar. Olar munuň deregine medeniýet pudagynyň türkmen režimini we ýurt ýolbaşçylarynyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmak ugrunda tagalla edýändigini belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.