Ysraýylyň harby hüjümleri Gazada azyndan 15 palestinalyny öldürdi diýip, saglyk işgärleri aýtdy. Olar Ysraýyl güýçleriniň bu sebiti bombalamagyny dowam etdirýändigini hem sözlerine goşdular.
Merkezi Gazanyň Nuseirat lagerine 1-nji dekabrda edilen howa hüjümi bir jaýda alty adamy öldürdi, Gaza şäherindäki bir jaýa edilen başga bir hüjüm bolsa üç adamy öldürdi diýip, saglyk işgärleri aýtdy.
Ysraýyl goşuny ABŞ we ÝB tarapyndan terror topary diýlip kesgitlenen Hamasyň ýüzlerçe söweşijisini öldürendigini, 14 aýa golaýlan uruşdan soň olaryň täzeden jemlenmeginiň öňüni almaga çalyşýandygyny aýdýar.
Şu aralykda, Hamas ýolbaşçylary Kairde Müsüriň howpsuzlyk işgärleri bilen gepleşik geçirip, Ysraýyl bilen palestinaly tussaglaryň boşadylmagynyň deregine zamunlaryň boşadylmagyny üpjün etjek ylalaşyk gazanmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar.