Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň adalatçysy adam hukuklarynyň goralmagyna 'goşant goşmaýar'

Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň bütindünýä ýaranlygy (OHCHR-SCA) dürli ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky ombudsman institutyna beren bahalaryny çap etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” ýazýar.


Bileleşigiň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň Ombudsmen edarasy, ýurduň häkimiýetleriniň adam hukuklaryny çynlakaý bozýandygy barada berlen ygtybarly maglumatlara jogap hökmünde, adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek üçin ýeterlik çäreleri görmedi.


Hasabatyň awtorlary adam hukuklary guramalarynyň hatlaryna reaksiýa bildirilmezliginden biynjalyk bolýarlar, bu ýagdaý adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň gyzyklanýan taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek ukybyna şübhe döredýär.


Şeýle-de, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň adalatçynyň garaşsyzlygyny we bitaraplygyny üpjün etmäge bolan gatnaşygy, potensial şikaýatçylaryň oňa ýüz tutmak mümkinçiligi baradaky maglumatlaryň bolmazlygy alada döretdi.


Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň işine berlen bahadan başga, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz maglumatlary esasynda ýazmagyna görä, Ýazdursun Gurbannazarowa geçen ýyl žurnalist Soltan Açylowa Ženewa syýahatyndan meýletin ýüz öwürmegiň özi üçin gowy boljakdygyny duýdurypdyr.


Şeýle-de habarda Adalatçynyň edarasynyň web sahypasynyň soňky gezek fewral aýynda täzelenendigi aýdylýar.


Maglumat üçin aýdylsa, Adalatçynyň edarasy Azatlygyň žurnalistleriniň adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly anyk soraglaryna düşündiriş bermekden ýüz öwürýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus