Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türk kompaniýalarynyň türkmen energiýa taslamalaryna gatnaşmagy maslahatlaşylýar

Şenbe güni, Stambul energetika forumynyň çäklerinde, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, taraplar Türkiýäniň BOTAS we TPAO döwlet kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz ýataklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine seretdiler.


Şeýle-de, olar nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa ibermegiň goşmaça ugurlary barada pikir alyşdylar.


“Umumy geljek, umumy maksatlar” şygary astynda geçen forumyň çäklerindäki gepleşikler, habarda bellenmegine görä, “iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän energetika hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini görkezýär”.


Mundan öň Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi Stambulda türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen Türkiýä ibermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus