Türkmenistanyň käbir sebitlerinde maşgala lukmanlarynyň döwlet dermanhanalaryndaky arzanladyşa degişli dermanlary 'geçirmek synanyşyklary' ýygjamlaşyp başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagt Aşgabatda we Lebap welaýatynda şeýle tagallalaryň has giň ýaýbaňlanýandygyny habar berýär.
Ýurt ýaşaýjylary bu sebitlerde maşgalala lukmanlarynyň saglyk şikaýatlary bilen saglyk öýlerine ýüz tutýan çem gelen adama döwlet dermanhanalaryndaky ätiýaçlandyryşa girýän dermanlary köp-köpden ýazyp bermäge çalyşýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir aşgabatly ýaşaýjy ýaňy-ýakynda özüne maşgala lukmany tarapyndan ýazylyp berlen bäş sany resept kagyzyny görkezip, bu kagyzda maslahat berlen dermanlaryň ählisiniň döwlet dermanhanalarynda 50 göterim arzanladyş bilen satylýan dermanlar bolandygyny aýtdy.
“Gaýrat ediň, ‘ýokardan’ buýruk şeýle. Sebäbini bilmeýäris emma buýruk şeýle” diýip, aşgabatly ýaşaýjy maşgala lukmanynyň özüne aýdan sözlerini getirýär.
Saglyk pudagyndaky çeşmeler Lebapda we Aşgabatda ýerli ýaşaýjylara lukmanlaryň wagtal-wagtal tas zor bilen diýen ýaly derman ýazmak tejribeleriniň hususan-da 12-nji noýabrdan bäri giň gerime eýe bolýandygyny aýdýarlar.
Lukmanlar tarapyndan yzly-yzyna ýazylýan dermanlaryň bir umumylygy bar: olar saglyk ätiýaçlandyrmasy esasynda döwlet dermanhanalarynda tas ýarpy bahasyna satylýan dermanlar bolup durýar.
Türkmenabatly bir ýaşaýjy çagasy keselläp, ýerli saglyk edaralarynyň birine ýüz tutupdyr. Ol hem edil aşgabatly ýaşaýjy ýaly özüne gerekmejek bir topar dermanyň ýazylyp berlendigini aýdýar.
“Çagamyň saglyk ýagdaýyna alada bildirip, maşgala lukmanyma ýüz tutdum. Ol ilki menden “Sende strahowka [ýagny saglyk ätiýaçlandyrmasy] barmy diýip sorady. Men hem ätiýaçlandyryş bar diýenimden soň, ol maňa we meniň çagama gereksiz dermanlary ýazyp berdi. Pylan dermanhanadan baryp alarsyň, berilýän wagty alyp goý, gerek bolar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy lukmanyň sözlerini getirýär we öz tejribesini gürrüň berýär.
Bu waka Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýünde bolup geçipdir. Maşgala lukmany şäheriň Ýüpek egrijiler etrabyndaky bir dermanhanany maslahat beripdir.
Azatlyk Radiosy bu saglyk edaralarynyň hiç haýsyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Maşgala lukmanlarynyň zerur bolmadyk reseptleriň köp-köpden ýazylmagyny sorag astyna alýan adamlara haýbat atýan halatlary hem bolýar.
“Meniň yzymda arakhorlukdan ejir çekýän bir adam nobata garaşyp duran ekeni. Sende maýyplyk strahowkasy bar, men saňa resept ýazyp berjek, sen olary hökman baryp satyn alarsyň, bolmasa meniň otagymda goh-galmagal etdi diýip, polisiýa arz ederin diýip, lukman meniň yzymda nobata garaşýan adama aýtdy” diýip, türkmenabatly saglyk öýünde şaýat bolan wakasyny gürrüň berýär.
Türkmenabat şäheriniň ýene bir ýaşaýjysy özüniň birmeňzeş tejribäni başdan geçirendigini gürrüň berýär.
“Maňa-da şolar ýaly reseptleri ýazyp berjek boldular emma men rugsat bermedim. Hökümet dermanhanalarynda 50 göterim arzanladyş bilen satylýan dermanlar hususy dermanhanalar bilen deňeşdirilende has gymmat” diýip, ol aýdýar.
Saglyk pudagyndaky ygtybarly bir çeşme şeýle tejribeleri ýurduň derman ammalarynda möhleti geçip barýan dermanlaryň köpelmegi bilen düşündirýär.
“Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň derman üpjünçilik ammarlarynda möhleti geçip barýan dermanlar köpelýär. Şolardan dynmak üçin, lukmanlara yzly-yzyna resept ýazdyrýarlar” diýip, saglyk pudagyndaky çeşme anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar şeýle reseptleriň kä haýyş bilen, käte mejbury ýazylýandygyny aýdýarlar.
Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy bu sebitde möhleti geçen dermanlaryň saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýüklenýändigini habar berdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmeýär.
“Öňler resept bilen derman sorar ýaly däldi, hatda resept üçin ýörite blankalar hem tapdyrmaýardy, blanka bolan ýagdaýynda, dermanhanalarda derman tapdyrmaýardy. Indi bolsa, isle-isleme hökman almaly” diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.