Eýran protestçilere garşy jynsy zorluklary ulandy – AI
120 sahypadan ybarat hasabat aman galan 45 pidanyň görkezmeleri esasynda düzüldi. Onda jynsy zorluklaryň, munuň üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmezden, aýallara, erkeklere we çagalara garşy amal edilendigi bellenilýär.
Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçileri ýekelikde we toparlanyşyp zorlandygy, şeýle-de jynsy zorlugyň beýleki görnüşlerini ulanandygy nygtalýar. Häzire çenli munuň bilen bagly ýekeje-de eýranly resmi jogapkärçilige çekilmedi.