Gazanyň iň uly hassahanasynyň işiginde tanklaryň toplanmagy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ysraýylly ýaranlaryna 14-nji noýabrda bu ýerden çykyp bilmän galan, ýangyç we suw üpjünçiligi azalan parahat adamlaryň goralmagy üçin basyş etdi.
Gaza şäheriniň daşy gabalan Al-Şifa hassahanasynyň töweregine birnäçe günläp urlan güýçli howa zarbalaryndan soň, şaýatlar tanklaryň we sowutly ulaglaryň bäş hepdelik urşuň merkezine öwrülen desganyň derwezesiniň birnäçe metr alkymyna gelendiklerini aýtdylar.
Birleşen Milletler Guramasy bu ýere toplanan müňlerçe adamyň, belki-de 10 müňden gowrak hassanyň, saglyk işgärleriniň we ýaşan ýerlerinden bosan adamlaryň golaýda barýan gazaply söweşler sebäpli, daşy gabalan desganyň içinde gaçyp çykmagynyň mümkin däldigini aýdýar.