Harby güýçleriň Palestinanyň Hamas söweşiji toparyny ýok etmäge gönükdirilen guryýer hüjümine taýýarlyk görmegi bilen, Ysraýyl öten agşam Gaza zolagyny bombalamagy dowam etdirdi.
Harby güýçler guryýer goşunlarynyň Gazanyň içine girip, Hamasyň nyşanalaryna hüjüm edendigini aýtdy we soňra Palestina anklawyna girendigi aýdylýan sowutly ulaglary görkezýän wideony ýaýratdy.
Harbylaryň beýanatynda nygtalmagyna görä, bu operasiýa “söweşiň indiki tapgyrlaryna görülýän taýýarlygyň” öňünden geçirildi.
Harby güýçler Gazada Hamas 7-nji oktýabrda Ysraýyla çozaly bäri gury ýer hüjümlerini edýän hem bolsa, beýanatda 25-nji oktýabrdaky operasiýanyň şu wagta çenli geçirilen iň uly operasiýa bolandygy aýdylýar.