Hökümetiň geçen ýyl ýurduň köp sebitinde demonstrasiýalara sebäp bolan suw meselesiniň çözülendigini aýtmagyna garamazdan, tähranlylar suwuň tapgyr bäşinji gün berilmeýändigini habar berdiler.
Energetika ministri Ali Akbar Mehrabian 13-nji iýunda meseläniň çözülendigine garamazdan, ýaşaýjylaryň suwy derejeler kadaly ýagdaýa gelýänçä, mümkin boldugyça kän tygşytlamalydygyny aýtdy.
Ministrlik geçen hepde süýşen uly daş bölekleriniň we läbigiň Täjran derýasyna dolup, suw joşmasyna sebäp bolandygyny, Karaj bilen Tähranyň suw baglanyşygynyň kesilendigini aýtdy.
“Entekhab” habarlar web sahypasy Tähranyň dürli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň şindem suw ýetmezçiligini başdan geçirýändiklerini habar berdi.
Şeýle-de, neşir hökümeti ýagdaýy düşündirip bilmezlikde tankytlady.