Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy, ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy diýip, “Biznes Türkmenistan” rus diplomaty Aleksandr Blohiniň “TASS” agentligine aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.
Şeýle-de, Blohin Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz saklamak üçin ýerasty ammarlary gurmak maslahatyny edýändigini aýdypdyr.
Habarda aýdylmagyna görä, “Gazprom” 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy.
Ýatlatsak, Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda baha, töleg dawalary esasynda dörän oňuşmazlyk esasynda kesilen gaz söwdasyndan soň, “Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.
Türkmenistan Moskwa bilen aradaky gaz tölegleri dawasynyň nähili şertler esasynda çözülendigini, şeýle-de satýan gazynyň bahasyny aýtmaýar.