Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine çagyrdy
“Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin” diýip, Si Szinpiniň hatynda aýdylýar.
Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşiniň ýanwar aýynda Hytaýa eden döwlet saparyny ýatlap, onuň bilen “dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirendigini” belläpdir we, “...Hytaýyň we Türkmenistanyň “bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik” diýipdir.